'Lebaptelekom' sebitde GPON tehnologiýasyny ornaşdyrýar, ýapyk saýtlar petik astynda galýar

'Lebaptelekom' sebitde GPON tehnologiýasyny ornaşdyrýar, ýapyk saýtlar petik astynda galýar

Türkmenistanyň döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Lebap welaýat şahamçasy welaýatyň telekommunikasiýa ulgamlaryna GPON tehnologiýasyny ornaşdyrmagy dowam etdirýär. Ýerli ýaşaýjylar täze tehnologiýalar bilen Internet tizliginiň artdyrylýandygyny ýöne petikli saýtlaryň heniz hem açylmaýandygyny aýdýarlar.

Ýerli aragatnaşyk kärhanasynyň informasion tehnologiýalar hünärmeni optiki süýümli GPON tehnologiýasynyň sebitde birnäçe aý mundan ozal ornaşdyrylyp başlanandygyny aýdýar.

“Adamlar GPON ulgamyna birikdirilenden soňra, petikli saýtlar açylar diýip umyt edýärler. Bu ulgamda Internet tizligi ýokarlansa-da, ýurtda petikli saýtlar heniz hem petik astynda galýar” diýip, ýerli hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Welaýat ýaşaýjylary soňky hepdelerde bu ulgamy ornaşdyrmak üçin ýerli internet prowaýderleriniň öňünde uly nobatlaryň emele gelýändigini aýdýarlar.

Aragatnaşyk kärhanasynyň ýerli şahamçalary GPON tehnologiýasyna isleg bildirýän raýatlardan öý telefonlarynyň kabelleriniň çalyşylmagy barasynda haýyşnama we arza ýazmagy talap edýärler.

GPON tehnologiýasy näme we ol nähili mümkinçilikleri hödürleýär?

Informasion tehnologiýalar hünärmeniniň sözlerine görä, gysgaldylyp GPON atlandyrylýan “Gigabit Passive Optical Network” ulgamynda kabeller optiki süýümli bolup, bu kabeller öýlere çekilende maglumatyň geçirijiligi tizleşýär.

Ýagny, haýsydyr bir hojalyga GPON ulgamy ornaşdyrylanda aragatnaşyk hünärmenleri öýlere çekilen aragatnaşyk kabellerini täzeläp, köne kabellere derek, täze, optiki süýümli aragatnaşyk kabellerini ornaşdyrýarlar.

Hünärmenlere görä, bu kabeller bar bolan Internet ulgamlary arkaly Internetiň tizliginiň 2,5 Gbit/s-a çenli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Beýle tizlikde Internet Türkmenistanda ýok, sebäbi ýurduň ýeke-täk Internet üpjünçisi bolan “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasy maksimum 6 Mbit/s-a çenli Internet tizligini hödürleýär.

2,5 Gigabit/s tizlik 2500 Mbit/s tizlige barabar bolýar. Şeýle bolanda Türkmentelekomyň hödürleýän maksimum Internet tizligi täze kabeliň göterýän tizliginden 415 esse çemesi pes bolýar. Ýagny öýlere çekilýän GPON ulgamlary bilen häzirki bar bolan Internetiň tizligini 415 esse ýokarlandyryp bolýar.

“Täze tehnologiýa birikdirmek üçin goşmaça töleg talap edilmeýär, diňe arza ýazmak ýeterlik” diýip, GPON nobatyna garaşýan türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar täze ulgama birikdirilende öýlerdäki routerleriň hem çalyşylmagynyň talap edilýändigini aýdýarlar.

“Arzanyň ýazylan gününden başlap, iki hepdäniň içinde GPON tehnologiýasyny ornaşdyrmak wada berilýär. Häzirlikçe arzalary tabşyrmakda uly bir mesele ýok” diýip, Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Beýleki bir türkmenabatly ýaşaýjy aragatnaşyk kärhanasynda täze ulgamy ornaşdyrmak üçin zerur bolan wagt möhletiniň dowamlylygy barada özüne anyk maglumatyň berilmändigini aýdýar.

Şeýlede-, onuň sözlerine görä, Çärjew etrabynda arza tabşyrmak prosesi aňsat bolsa-da, Türkmenabatda ýagdaý beýle däl.

“Näme üçindir Türkmenabatda arzalary kabul etdirmekde mesele bar. Men dawalaşyp, zordan arzamy kabul etdirmegi başardym emma maňa GPIN ulgamyna haçan geçiljekdigi barada anyk maglumat bermediler” diýip, türkmenabatly aýdýar.

Türkmenistanda öýlere we ofislere optiki süýümli GPON ulgamlaryny ornaşdyrmak işleri soňky ýyllarda ýygjamlaşdy. Türkmen metbugaty eýýäm 2020-nji ýylyň güýzünde Aşgabat şäher telefon ulgamy kärhanasy tarapyndan paýtagtyň ýaşaýjylaryna GPON tehnologiýalarynyň hödürlenip başlanandygyny habar berdi.

2022-nji ýylda Aşgabat şäherinde GPON tehnologiýalary ornaşdyrylan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň sany 56-a ýetip, 2100 çemesi hojalyk GPON tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Galyberse-de, şonda paýtagtyň Taslama köçesiniň ugrundaky ofisler we dükanlar hem täze ulgama birikdirildi.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Arkadag şäheri açylanda resmi metbugat bu şäherde jaýlara we edara-kärhanalara GPON ulgamlarynyň ornaşdyrylandygyny aýtdy.

Ashgabat.in neşiri 2024-nji ýylyň fewralynda Aşgabat şäherinde 17941 nokada GPON tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygyny, şeýle-de Arkadag şäherine bu ulgamda işleýän 20 müň telefon belgisiniň bölünip berlendigini habar berdi.

GPON kabelleri çekilende ýerli kärhanalar tarapyndan hödürlenýän IPTV kanallarynyň tizligi hem ýokarlanýar.

Türkmenistan halkara hasabatlarda Internet aragatnaşygynyň tizligi boýunça iň yzdaky orunlary eýeleýär. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri Internet ulgamyny berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

Garaşsyz habar saýtlary we iri sosial torlar ýurduň çäginde petik astynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täze çempion
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Žiraflara GPS nawigator dakyldy
Keniýanyň goraghanasynydaky žiraflaryň 25-sine GPS nawigator dakyldy
Metanyň täze köp dilli emeli intellekti: SeamlessM4T
Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt aljyraňňylygy’