
Lebap welaýatynda ykdysadyýetiň hususy pudagynda süýdüň öndürilişiniň artýandygyny görmek bolýar. 2021-nji ýylda ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, söwda nokatlaryna bu önümiň 279 tonnadan gowragy artyk iberilipdir.
Has takygy, 2020-nji ýylda welaýatyň telekeçileri 1576 tonna töweregi süýt öndüren bolsalar, 2021-nji ýylda onuň mukdaryny 1854,5 tonna ýetirdiler. Häzirki wagtda sebitde telekeçileriň 54-si süýt öndürmek bilen meşgullanýar. Şu maksat bilen bakylýan mallaryň umumy sany 5260-a ýetdi. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.
Maglumatlar bu ugurda Çärjew etrabynyň önüm öndürijileriniň aýratyn görkezýändigine şaýatlyk edýär. Mysal üçin, telekeçi Ramazan Hojamkulyýew geçen ýyl öňki ýyldakydan 44 tonna, Ibadulla Ergeşow 14 tonna, Berdimyrat Möwlamow 82 tonna süýdi köp tabşyrypdyrlar.
Olaryň ýolbaşçylyk edýän hususy kärhanalarynda süýtden aýran, gatyk, dorag, gaýmak, gaty we ereme peýnirleriň hem dürli görnüşleri öndürilýär. Diňe geçen ýylyň özünde söwda nokatlaryna bu önümleriň 255 tonnadan gowragy ugradyldy.