Lebaply pileçiler gijelerine tut agaçlarynyň şahalarynyň 'awyna' çykýar

Lebaply pileçiler gijelerine tut agaçlarynyň şahalarynyň 'awyna' çykýar

Türkmenistan ýüpek gurçugyna ideg etmek boýunça nobatdaky möwsümiň ahyryna golaýlaýan mahaly, lebaply pileçi-kärendeçiler bu oba hojalyk önümçiligi üçin zerur bolan tut ýapraklarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen gaýtadan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Käbir daýhanlar göz öňünde tutulan hasyly almak üçin gijelerine tut agaçlarynyň şahalarynyň "awyna" çykýarlar we oba adamlarynyň tut agaçlarynyň şahalaryny rugsatsyz çapýarlar.

"Pileçi daýhanlar 10-15 sany adam bolup, oba ýollarynyň gyralaryny aýlanýarlar. Olar ýol gyralaryndaky, ekerançylyk meýdanlaryndaky tut agaçlaryny çapyp alýarlar. Daýhanlar bu çärelerini gije, hemmeler uklandan soň, sagat 1 töwereginde amal edýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Şeýle ýagdaýlary welaýatyň tas ähli etrabynda, şol sanda Çärjew etrabynyň 'Watan' daýhan birleşiginde synlasa bolýar. Pileçi daýhanlar ulagyň gelýändigini görseler, dessine ekin meýdanlaryna bukulýarlar.

"Ulag geçip gidensoň, daýhanlar tut şahalaryny çapyp alýarlar we olary awtoulaga ýükläp alyp gidýärler. Daýhanlar bu işleri gündiz amal etseler, onda tut agajynyň hakyky daýhan eýesi gelip, olaryň çapan tut nahallaryny ellerinden alýar" diýip, habarçy aýtdy.

Ýüpekçileriň ençemesi özleriniň bu işe baş goşmagynyň sebäplerini häkimiýetleriň pile önümçiligine özlerini mejbury çekmegi we sebitde tut ýapraklarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen düşündirýärler. Bellesek, netijeli pile hasylyny öndürmek üçin, ýüpek gurçuklary tut agaçlarynyň ýapraklary bilen yzygiderli iýmitlendirilýär.

"Welaýatda pile hasylynyň doly tabşyrylmagyna 5-10 gün galdy. Ýüpek guçruklary ep-esli ulaldy.Olar gün-günden has köp tut ýapragyny talap edýärler.Bu pileçi daýhanlar üçin uly problema bolýar.

Daýhanlar ýüpek gurçuklaryna berilýän iýmiň möçberini günde üç gezekden iki gezege azaltdy.Arçynlardan hiç hili kömek ýok. Ýöne pile önümçiligi üstümize ýüklenende, olar maňa 60 gram ýüpek gurçugyny berdiler we ondan 380-400 kilogram pile tabşyrmagy talap etdiler.

Arçynlyk resmileri bu pile hasylyny tabşyrmasaň, onda täze ýylda kärende ýerimiň elimden alynjakdygyny duýdurdylar" diýip, çärjewli bir kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen hökümeti döwletiň pagta, şugundyr we ýeralma önümçiliginde bolşy ýaly pile önümçiliginde hem mejbury zähmetden peýdalanýar. Häkimiýetler bu işlere pileçi daýhanlar bilen birlikde, býujet işgärlerini, bu ýyldan başlap bolsa, öňki tussaglary hem mejbury çekýärler.

Hökümet maslahatlarynda pile öndürijileriň ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün edilýändigi yzygiderli tekrarlanylýar. Ýöne pile öndürijiler sebitde ýüpekçilik üçin zerur şertleriň döredilmeýändigini, tut agaçlarynyň we ýapraklarynyň ýetmezçilik edýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Şu aýyň başynda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz sebitde pileçi daýhanlaryň köpüsiniň ýüpek gurçugyna ideg etmekden ýüz öwürýändigi, daýhan birleşikleriň pileçi daýhanlaryň öwezini türmeden boşan öňki tussaglar bilen dolmaga çalyşýandygy barada maglumat berdiler.

Bu aralykda, lebaply daýhanlaryň ençemesi tut agaçlarynyň ýetmezçiligine bir tarapdan döwletiň, ikinji tarapdan kärendeçileriň hut özüniň jogapkärdigini aýdýar. Olaryň sözlerine görä, döwlet soňky iki onýyllygyň dowamynda täze tut agaçlaryny ýeterlik mukdarda ekmedi. Mundan başga-da, şäherlerde we obalarda öňden bar bolan tut agaçlarynyň ýüzlerçesi çapyldy.

"Bu nogsanlyklara kärendeçiler hem göz ýumdular" diýip, lebaply daýhan belledi.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 2 müň 300 tonna pile hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Lebap welaýaty ýurt boýunça öndürilýän piläniň 50 göterimine golaýyny, has takygy 1 müň 10 tonna pile öndürmäge borçly edildi. Resmi maglumata görä, şu möwsümde welaýatda ýüpekçileriň 21 müňden gowragy bilen şertnama baglanyşylyp, 25 müň 250 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri ÝUNESKO-nyň sanawynda
Bir günde aýlanyp bolýan şäherler
Pile önümçiligi: Tut ýapragynyň gytçylygy onuň bahasynyň üç esse gymmatlamagyna getirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi