Lebaply hususyýetçiler şu ýyl 1000 tonna golaý süýt we süýt önümlerini taýýarladylar

Lebaply hususyýetçiler şu ýyl 1000 tonna golaý süýt we süýt önümlerini taýýarladylar

Lebap welaýatynyň hususyýetçileri şu ýylyň birinji ýarymynda jemi 1000 tonna golaý süýt we süýt önümlerini taýýarlap, ildeşlerimize ýetirdiler. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Bu asylly işe aýry-aýry hususyýetçileriň has uly goşant goşýandygyny nygtamak gerek.Dänewli telekeçi Begenç Oraznepesowyň ýolbaşçylygyndaky Bereketli jaý hususy kärhanasynyň maldarçylyk hojalygynda ýylyň alty aýynda tutuş welaýat boýunça taýýarlanan süýt we süýt önümleriniň bäşden birine golaýy taýýar edilip, alyjylara ugradyldy.

Has takygy, bu ýerde ýylyň birinji ýarymynda 182 tonnadan gowrak süýt we süýt önümleri alyjylara ugradyldy. Çärjew etrabyndan telekeçi Berdimyrat Möwlamow bolsa ýylyň başyndan bäri taýýarlanan süýt we süýt önümleriniň mukdaryny 75 tonna ýetirdi.

Şeýle hem bereketli desterhanlarymyza Çärjew etrabyndan Begmyrat Aýmyradow 55, Dänew etrabyndan Jemşit Demirow bilen Farapdan Patma Jumaýewa 50, Saýat etrabyndan Alym Joraýew 42, çärjewli hususyýetçi Mansur Altybaýew 39, Dänew etrabyndan Medetkär daýhan hojalygy (ýolbaşçysy Islam Babajanow) bilen çärjewli hususyýetçi Täji Täjiýew 38, ýene-de Çärjew etrabyndan Ramazan Hojamkulyýew 37, Bagtyýar Seýidow bilen Rozykuly Mämmedow 30 tonna önüm bilen goşant goşdular.

Umuman, gündogar sebitiň hususyýetçileriniň 50-den gowragy süýt we süýt önümlerini taýýarlamak, olary täzeligine ilata ýetirmek bilen meşgullanýarlar. Döwlet tarapyndan döredilýän döwrebap mümkinçilikler bolsa olaryň işiniň barha ilerlemegine itergi berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
23.09.2017 | Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
28.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
Lebaply telekeçiler geçen ýyl 1854,5 tonna süýt öndürdiler
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy