Lebaply gaz çykaryjylaryň paýtagtynda täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherinde täze ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy.Gaz çykaryjylaryň maşgalalarynyň 16-sy 3 we 4 otagly öýleriň açarlaryny aldylar. “Türkmengündogarnebitgurluşyk” trestiniň 5-nji GMU-nyň gurluşykçylary “Lebapgazçykaryş” önümçilik müdirliginiň tabşyrygy boýunça täze jaýy bina etdiler. Öýlerde döwrebap dizaýn, otaglarynyň oňaýly ýerleşişi, giň otaglar, mebeller we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalar ýaly amatly şertler döredilen. Ýarym asyr mundan ozal Türkmenistanyň gaz çykaryş senagatynyň ösüp başlan ýeri bolan Üňüz aňyrsyndaky Garagumda häzirki wagtda diňe bir tebigy ýangyç alynman, eýsem ol gaýtadan hem işlenilýär.

Munuň üçin Garaşsyzlyk ýyllary Naýypda gazy gaýtadan işleýän döwrebap toplum guruldy, onda çykarylýan suwuklandyrylan gaz eksporta, uglewodorod kondensaty bolsa Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodyna ugradylýar, bu ýerde ondan dünýä bazarlarynda ýokary islegli açyk reňkli nebit önümleri alynýar.

Ýene degişli makalalar

Naýypdaky gazy gaýtadan işleýän toplumda innowasion enjam işe giriziler
Garagumyň ummasyz baýlyklary
Ýerli ýaşaýjylar köne gaz geçirijileriň täzelenmegini soraýar, gazyň basyşy pes bolmagynda galýar
Lebapda suwuklandyrylan gaz göz öňünde tutulanyndan 11 müň tonna golaý artyk eksport edildi
Lebap welaýatynda tebigy gazyň 53 milliard kub metrlik täze ýataklary anyklanyldy
Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär