Lebaply aýdymçy zenan Ak ýol kompaniýasy tarapyndan goýlan awtoulag baýragyna mynasyp boldy

Lebaply aýdymçy zenan Ak ýol kompaniýasy tarapyndan goýlan awtoulag baýragyna mynasyp boldy

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti-wokalisti Gülälek Şirowa Toyota. Corolla kysymly ulag utdy. Ak ýol firmasynyň utuşly aksiýasyna gatnaşan aýdymçynyň satyn alan içgisiniň gapagynda hut şu utuş bar eken. Bu barada "Jeyhun.news" habar berýär.

Öň habar berşimiz ýaly, awgust aýynda Ak ýol firmasy dürli utuşly baýraklar bilen aksiýa yglan edipdi. Utuş gazanmak isleýän müşderiler firma tarapyndan hödürlenilýän gapagynda Utuşly diýlip ýazylan Boss we Ýiti atly içgileri satyn alaýmaly. Utuş çüýşäniň gapagynyň iç ýüzünde ýazylan.

Aksiýa yglan edilenine soň bir töweregi wagt geçeninden soň ilkinji bagty çüweniň ady belli boldy. Aksiýa dowam edýär. Ýene-de bir Toyota. Corolla awtomobili we beýleki baýraklar eýelerine garaşýar.

Gülälek Şirowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň öň ýanynda Türkmeniň altyn asyry bäsleşiginiň hem ýeňijisi diýlip yglan edildi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Ýene degişli makalalar

23-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Edermenligiň beýik nusgasy
ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ÝAZYJYSY
Çagalaryň köňüllerinde orun alan şahyr: Hemra Şirow
Boss witaminli içgisinden ýeňil awtoulag utan aýdymçy zenana mynasyp bolan baýragy gowşuryldy
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy