“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan geçen 2021-nji ýylda “mawy ýangyjyň” 12 milliard 400 million kubmetri gazylyp alyndy. Bu baradaky meýilnama 134% ýerine ýetirildi.
Şeýle-de geçen ýyl Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) gaz kondensatynyň 47 müň 300 tonnadan gowragyny öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.
Häzirki wagtda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Ymambabanebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň hünärmenleri “Demirgazyk Derwüş” meýdançasynda çuňlugy 3 müň 200 metre barabar bolan gözleg-barlag guýusyny burawlap başladylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu ýerdäki gaz ätiýaçlyklary 30 milliard kubmetre barabardyr.
Mundan başga-da, “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň hünärmenleri “Malaý” gaz käninde çuňlugy 4 müň metre deň bolan iki sany guýyny burawlap başladylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň möçberi 126 milliard kubmetr artdy.