Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Wilýam Şekspiriň Nadaranyň nogtalanyşy atly komediýasy sahnalaşdyrylýar. Bu barada Jeyhun.news Türkmen gündogary gazetine salgylanyp habar berýär.
Oýunda gülküli wakalaryň üsti bilen söýgi atly mukaddes duýgynyň ynsan häsiýetiniň gowulyga özgermegine täsir edýändigi, maşgala mukaddeslikleri, birek-biregiň mertebesine sarpa goýmak barada söz açylýar.
Ýaş režissýor Tawus Häkimowanyň ilkinji goýýan oýny onuň üçin özboluşly synaga öwrüldi. Teatryň artistleri Jeren Nazarowa, Döwlet Hemraýew, Taýly Allaberdiýew, Aman Akyýew, Döwlet Haýtgulyýew, Akmyrat Jumageldiýew ýaly artistler dürli häsiýetli keşpleri janlandyrmagyň üstünde işleýärler. Teatryň sahna bezegini suratkeş Myrat Haýtyýew ýerine ýetirýär.