Lebapdaky Täze ýyl pajygalary

Lebapdaky Täze ýyl pajygalary

Täze ýyl gijesi Lebapdaky “Guşçylyk” şäherçesinde ýasama feýerwerkler partladylanda 3 adam aradan çykdy we başga-da 23-sine zeper ýetdi.

Adamlaryň ýylynmak üçin ýakan odyndan uçgunlar ýangyn söndürijä we feýerwerke düşýär. Kalsiý karbidiniň we alýuminiý gyryndysynyň garyndysy ulanylan ýangyn söndürijiniň korpusynda saklanýardy.

Başga bir wersiýa görä, serhoş bolanlaryň biri ýangyn söndürijini oda atypdyr.

Milli howpsuzlyk ministlriginiň, IIM-niň we prokuraturanyň ýerli müdirýetleri derňew işlerini alyp barýarlar.

Häzirki wagtda 3 adam tussag edildi we olar MHM-niň sebitdäki müdiriýetinde saklanýarlar.

Sülçiler şaýatlary we pidalary sorag edýärler.Maglumatlara görä, agyr ýagdaýdaky 12 adam hassahanada galýarlar.

Şol bir wagtyň özünde,baş lukmanyň rugsady bilen olaryň käbirini prokuraturanyň işgärleri sorag etdiler.

Şeýlede birnäçe madda boýunça jenaýat işleri gozgaldy: (105) Seresapsyzlyk bilen ölüme sebäp bolmak:(107) Bedene bilkaslaýyn agyr zeper ýetirmek: (287) Ýarag,ok-däri,partlaýjy serişdleri ýa-da partlaýjy gurluşlary bikanun edinmek,satmak, saklamak, daşamak: (288) Bikanun ýarag öndürmek.

Mundan başga-da, MHM-niň işgärleri wakanyň günäkärleri bilen daşary ýurtlardaky raýat hem syýasy aktiwistleriň gatnaşygyny tapmaga çalyşýarlar.Hususanda,olaryň bu pudakda yzygiderli aragatnaşyk saklaýan hossarynyň bardygyny anyklamaga dyrjaşýarlar.

Bu waka barada öz çeşmelerine salgylanyp “Azatlyk” radiosy hem maglumat berdi.

Geçen ýyl Türkmenabat şäherindäki 4 gatly ýaşaýyş jaýynda gaz partlamasy bolanda, 3 adam aradan çykypdy.

Sebitde 30-njy dekabrdan 31-nji dekabra geçilýän gije başga bir pajygaly waka hemboldy.

Türkmenabat şäheriniň “Himik”etrabynda ýaşaýan 3 çaganyň enesi bolan 36 ýaşly zenan özüni ýakdy.

Iki gezek türmä girip çykan äriniň izigiderli taýaklaryna sabyr eden ýaş zenan bu gezek sabyr-takady galmansoň,üstüne benzin döküp, özüni otlapdyr.

Goňşylarynyň sözlerine görä, şol zenan birnäçe gezek polisiýa ýüz tutdy. Emma, ol ýerde onuň arzalaryny äsgermezçilik etdiler.

2-nji ýanwarda MHM-niň we IIM-niň Lebap welaýaty boýunça regional müdirýetleriniň ýolbaşçylary öz garamagyndaky adamlaryň işlerine gözegçiligi gowşadandyklary üçin berk käýinç aldylar.The post Lebapdaky Täze ýyl pajygalary first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky postda nobatçylyk çekýän esgere näbelli adamlar hüjüm etdiler
"Memorial" merkezi azatlykdan mahrum edilen iki türkmen studenti barada täze maglumatlary äşgär etdi
Ahalda pagta planyny dolup bilmedik kärendeçileri sülçüler soraga çekýär, pagtanyň öwezine pul talap edilýär
Gülençidigi güman edilýän türkmeniň sudy dowam edýär
Kiprde saklanan türkmen migrantlarynyň tussaglyk möhletleri uzaldyldy
Uçurym: 'Türkmenistanda 2 ýyldan bäri parasyz ýokary okuwa girip bilemok'