Türkmenistanda zir-zibil taşlanýan çelekler hem adaty adamlaryň, hem-de häkimiýetleriň üns berýän ýerlerine öwrülýär. Ilatyň durmuş şertleriniň agyrlaşýan döwründe zibil gutularynyň daşyndaky hereket wagtal-wagtal güýçlenýär. Şeýle ýagdaý şu günler Lebap welaýatynda göze ilýär.
Zir-zibil zyňylýan gutularyň içindäki hapalary dörýän adamlaryň sany köpelip, käbir ýerlerde bir gutyny 10 adam bolup dörýärler. Bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary gürrüň berýärler.
"Biri köwüp gitse, ikinji adam dessine yzyndan gelip dörüp başlaýar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Zir-zibil dörýänler köplenç plastik gutulary, çüýşeleri, plastmassanyň her hili görnüşini gözleýärler. Mundan başga, azyk galyndylary gözlenýär, şol sanda gök önümleriň gabygy, bakja önümleriniň paçaklary toplanyp, alnyp gidilýär. Bu azyk galyndylary soň adatça mal iými üçin ulanylýar.
"Köp gatly öýleriň ýaşaýjylarynyň getirip taşlan zaýa bolan naharlary, käşir, sogan gabygyny hem toplap aýratyn bir halta salyp, öz ýany bilen tekere ýükläp alyp gidýärler. Biri gelip gidensoň dessine ikinji adam elindäki uzyn taýagy bilen zibil gutusyny köwüp başlaýar" diýip, bu ýagdaýlara özi syn eden habarçymyz gürrüň berýär.
Bakça önümleriniň paçaklary bir halta, plastik gaplary başgasyna, çüýşe aýratyn bir halta salynýar we alnyp gidilýär.
Bu ýagdaý Türkmenabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň umumy howlusynda hojalyk zibillerini taşlamak üçin goýlan gaplaryň daşynda köp ýüze çykýar.
Ýerli habarçylarymyzyň sözlerine görä, noýabr aýynyň dowamynda Lebap welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň öňini alyş gullugy gaýtadan işlenýän galyndylary kabul edýän nokatlara gözegçiligi güýçlendiripdir. Netijede käbirlerine jerime salnypdyr, ençemesi ýapylypdyr.
"Gaýtadan işlemek üçin baklažkalary kabul edýän nokatlara jerime ýazdyryp, şeýle nokatlaryň tas hemmesini ýapdyrdylar" diýip ýerli habarçylaryň biri gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, muňa garamazdan, plastigi kabul edýän nokatlaryň ençemesi gizlin işlemegini dowam etdirýär.
"Ýöne häzir şol 'baklažka' nokady gizlin hereket edýär, ähli plastamassa görnüşini kabul edýär, her kilesine 7 manat berýär. Çüýşe hem 40 teňňeden 50 teňňe aralygynda çüýşe kabul edýän nokadynda satyn alynýar" diýip habarçy aýdýar.
Plastik we karton ýaly gaýtadan işlenilýän galyndylaryň kabul edilmeginiň bes edilmegi bilen bagly ýagdaý oktýabrda Aşgabatda-da ýüze çykypdy. Paýtagtyň häkimiýetleri plastigiň kabul edilmeginiň togtadylmagynyň sebäbi aýdyňlaşdyrylmady.
Bu ýagdaý köçelerde we zibil taşlanýan gutularda gözlenip, ýygnalýan plastik, çüýşe we karton ýaly gaýtadan işlenilýän serişdeleri tabşyrmak arkaly gün görýän adamlar üçin garaşylmadyk ýagdaý bolup, olary ýeke-täk girdeji çeşmesinden mahrum edipdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky işsizlik, aýlyklaryň gijikdirilmegi, azyk ýetmezçiligi ýaly agyr sosial meseleleriň bardygyny boýun almaýan wagtynda, ilatyň durmuş derejesi yzygiderli pese gaçýar. Bu ýagdaýda zibil dörýän adamlaryň köpelmegi ýygy-ýygydan göze ilýär.
"Öňler zir-zibil gutularyny dörmek namys hasaplanýardy. Häzir bolsa, hiç zatdan çekinmän arkaýyn köwläp başladylar. Hatda maşgala bolup, aýaly we ýoldaşy bile hapa taşlanýan gutulary dörýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.
Şeýle-de, zir-zibil dörmekde başga-da dilegçilik edýänleriň sany hem köpleýär. Olaryň arasynda çagalar köp göze ilýär. Azatlygyň habarçylary çagalaryň dilegçilik edip, öz maşgalalarynyň eklenjine goşant goşýandygy we okuw esbaplaryna pul toplaýandygy barada ençeme gezek habar beripdi. Käbir maglumatlarda, dükanlardan azyk ogurlaýan çagalaryň köpelendigi gürrüň berlipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.