Lebapda 26-njy martda güýçli ýel turdy. Amatsyz howa hadysasy esasan ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetirip, ýüzlerçe jaýyň üçekleriniň uçup gitmegine getirdi. Ýerli häkimiýetler ýeliň yzysüre, ýaşaýjylara jaýlaryň uçan üçeklerini surata düşürmezlik barada duýduryş berdiler. Şuňa meňzeş amatsyz howa hadysasy 27-nji martda Balkanda hem boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 28-nji martda Lebapdan we Balkandan maglumat berdiler.
“26-njy martda Lebabyň birnäçe etrabynda güýçli ýel boldy. Esasanam Köýtendag we Kerki etraplaryna ýiti täsir etdi. Welaýatyň merkezi şäheri Türkmenabatda we Çärjew etrabynda hem ýel güýçli boldy” diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.
Köýtendagda we Kerkide güýçli ýel ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerini goparyp, uzak aralyga uçup gitmegine sebäp boldy. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýüzlerçe ýaşaýyş jaýynyň we mal ýataklaryň üçekleriniň uçup gidendigini aýdýar.
Güýçli ýelden Türkmenabatdaky we Çärjewdäki ýaşaýyş jaýlary hem zyýan çekdi. Habarçymyz güýçli ýel zerarly üçekleri gopan jaýlaryň anyk sanyny aýtmagyň kyndygyny belleýär.
Ýöne habarçymyz Lebabyň häkimiýetleriniň amatsyz howa hadysasynyň yzysüre, ýaşaýjylara jaýlaryň uçan üçeklerini surata düşürmezlik barada duýduryş berendigini aýdýar.
“Üçekleri uçan jaýlary we ýerlerdäki üçek böleklerini surata aldyrdanoklar. Ýöne olar uçan üçekleri toplamak we arassalamak işlerine býujet işgärlerini çekdiler. Häzir üçekler uçmadyk ýaly edip, döwük şifrleri bir ýere basyp goýdular. Bu şifrleriň eýeleri, olaryň ogurlanmagyndan alada edip, üstünde aýlanyp durlar” diýip, ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.
Şuňa meňzeş amatsyz howa hadysasy 27-nji martda Balkan welaýatynda hem boldy. Öýlän sagat 2:30 töwereginde güýçli tozanly ýeliň turup başlamagy netijesinde, Akdaş we Gyýanly şäherçelerinde köp gatly we hojalyk jaýlarynyň onlarçasynyň üçekleri gopup, uçdy.
“Elektrik we telefon sütünleri ýykyldy. Simler üzüldi. Türkmenbaşy şäherinde elektrik togy ýary gije sagat 1-e çenli azyndan 10 sapar kesildi. Elektrik bolmanlygy sebäpli agyz suw we ýyladyş ulgamlary kadaly işlemedi. Hususan-da, lagym, hajathana şäherde agyr mesele boldy” diýip, Balkandaky habarçymyz aýtdy.
Ol aradan bir salym geçensoň, buz gatyşykly ýagyş ýagyp başlandygyny, Türkmenbaşyda köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerini ýagyş suwlarynyň basandygyny hem belledi.
“Belentli-pesli ýerde ýerleşen şäherde ýollardan akan suwlar derýa we kanaly ýadyňa salýar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly ýaşaýjy güýçli tozanly ýeliň we ýagşyň ýaňy güllän miweli baglara hem zyýan ýetirendigini anonim şertde gürrüň berdi.
Amatsyz howa hadysasy barada, adatça bolşy ýaly, ýerli häkimiýetler tarapyndan sebit ýaşaýjylarynyň ählisine aç-açan duýduryş berilmedi. Ýöne resmiler bu baradaky duýduryşy şu hepdäniň başynda Lebabyň käbir döwlet edaralaryna iberdiler.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysyna Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy tarapyndan ugradylan bu duýduryşyň nusgasyny almak başartdy.
“Ýurdumyzyň çägine günorta-günbatardan pes basyşly, çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, 2024-nji ýylyň 25-26-njy martynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde günorta-gündogardan demirgazyk günbatar ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-15 metr, käýerlerinde 16-20 metre çenli ýetýän tozanly şemalyň bolmagyna, ýagşyň ýagmagyna we ýyldyrym çakmagyna, şeýle hem dag etek etraplarynyň sil suw akabalarynda ýagyş suwlarynyň emele gelmegine garaşylýar” diýlip, gullugyň başlygy A.
Seýitmuhammedow tarapyndan gol goýlan duýduryşda bellenilýär.
Gullugyň resmi websaýtynda bu duýduryş barada hiç zat aýdylmaýar.
Şeýle-de, döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 24-25-26-27-nji martda efire berlen sanlarynda hem, howa duýduryşy agzalmaýar.
Adatça türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda boljak adatdan daşary howa hadysalary barada ilata ne öňünden, ne-de yz ýanyndan duýduryş berýärler.
Soňky on günden hem az wagtyň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde amatsyz howa hadysalary azyndan bäş gezek ýüze çykdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.