Lebapda turan güýçli ýel köp adamyň hassahanalara ýüz tutmagyna getirdi

Lebapda turan güýçli ýel köp adamyň hassahanalara ýüz tutmagyna getirdi

21-nji fewralda Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde güýçli ýel turdy. Ýeliň netijesinde ilatyň elektrik we Internet üpjünçiliginde bökdençlik emele geldi. Şeýle-de, ýeliň yzysüre köp lebaply saglyk şikaýatlary bilen Tiz kömek gulluklaryna we keselhanalara ýüz tutdy.

"Ýel sagat 13:00-dan soň has-da güýçlenip, Türkmenabat şäherinde we Sakar, Saýat, Kerki, Halaç, Çärjew etraplarynda has-da ýiti duýuldy. Bu etraplaryň käbir ýerlerinde elektrik geçiriji simleriň biri-birine degmegi netijesinde tok öçdi we onuň dikeldilmegi ençeme sagada çekdi" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Türkmenabadyň "Bahar" etrapçasynda we Çärjew etrabynda bolsa, öýlere çekilen Wi-Fi hyzmatlary iki sagat çemesi işlemedi. Muňa ýeliň netijesinde sebitiň käbir elektrik üpjünçilik nokatlarynda dörän näsazlyk sebäp boldy.

Ýel gipertoniýaly hassalara, ýagny ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagyndan ejir çekýän näsaglara hem oňaýsyz täsir ýetirdi. Şol güni saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, welaýatyň hassahanalaryna we Tiz kömek gulluklaryna ýüz tutýan raýatlaryň sany köp boldy.

"Bize gelýän raýatlaryň sany 100 göterim artdy. Näsaglaryň ählisi boýnunyň tartyp, başynyň, kellesiniň agyrmagyndan şikaýat etdi" diýip, welaýatyň hassahanalarynyň birinde işleýän saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Ýatlatsak, şuňa meňzeş güýçli ýel 21-nji fewralda Türkmenistanyň günbatar welaýatynyň käbir sebitlerinde hem turdy. Ýeliň netijesinde ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesine zeper ýetdi.Güýçli ýel dag depesinde ýerleşýän Akdaş ýaşaýyş toplumyndaky 50-den gowrak binanyň üçeklerindäki örtükleri opurdy.

Käbir ýerlerde elektrik we telefon simlerini geçirýän sütünler, agaçlar ýykyldy.Munuň netijesinde elektrik we Internet üpjünçiligi kesildi.Käbir sebitlerde mobil we öý telefonlary hem işlemedi.

Güýçli ýel barada Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri öňünden maglumat bermediler.

Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalynyň "Watan" habarlary gepleşiginiň 20-nji fewralda efire berlen sanynda 21-nji fewralda Balkanda we Lebapda tizligi 9-14 m/s, kä ýerlerinde 16 m/s çenli ýetýän şemalyň öwüsjekdigi aýdylsa-da, güýçli ýel barada agzalmady.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli tozanly ýeliň turmagyna garaşylýandygy barada baryp 18-nji fewralda habar berdi.

Şonda neşir ýeliň tizliginiň Balkanda 14-19 m/s çenli, Mary welaýatynda 15-20 m/s çenli, Lebapda we Ahal welaýatynyň günorta-gündogarynda 12-17 m/s çenli güýçlenmegine we käbir ýerlerde tozanyň süýşmegine, dumanly howanyň bolmagyna garaşylýandygyny aýdypdy.

Aradan iki günüň geçendigine garamazdan, ýel we onuň getiren netijeleri barada ne ýurt resmileri, ne-de metbugat serişdeleri mesele gozgaýarlar.

Öz çäginde bolýan tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yzýanyndan maglumat berýän Türkmenistanyň häkimiýetleri dünýäniň beýleki ýurtlarynda bolýan tebigy betbagtçylyklara dessine reaksiýa bildirip, degişli döwletleriň hökümetlerine gynanç bildirip, ynsanperwerlik kömegini iberýär.

Türkmenistan şeýle kömekleri şu aý Türkiýede ýer yranmasyndan ejir çekenlere we geçen ýylyň sentýabrynda Pakistanda suw joşgunlaryndan ejir çekenlere iberdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Täze film halk köpçüligine görkezildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Okuw esbaplary we mekdep lybaslary çagalara gymmada düşýär, mekdep okuwçylary zähmete mejbur bolýar
Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär
Ak gaýa başlangyç hem-de ahyrky gatlak suwag üçin şpatlýowkalary alyjylara ýetirýär