
Gündogar Lebap welaýatynyň sebit merkezindäki bazarlarda sygyr etiniň bahasy martyň başlarynda birden 80-82 manada çenli ýokarlandy. Günbatar Balkan welaýatynda ösümlik ýagynyň üpjünçiligi ýaramazlaşýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitlerden maglumat berýär.
“Gök bazarda 1-nji martda sygyr etiniň bahasy 80 manada, 2-nji daýhan bazarynda 82 manada çenli ýokarlandy” diýip, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary aýdýar.
“Pandemiýa döwürlerinde, dolaryň gara bazardaky alyş-çalyş bahasynyň 40 manada çenli ýeten döwürlerinde hem sygyr eti beýle gymmat bolmandy” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Gündogar sebitde etiň bahasynyň birden gymmatlamagynyň sebäpleri barada dürli çaklamalar ileri sürülýär, söwda resmileri emele gelen ýagdaýlar boýunça beýanat bermeýär.
Ýerli bazarlarda et söwdasy bilen meşgullanýan adamlar, gassaplar bahalaryň ýokarlanmagyny belli bir derejede sebitde ýangyç ýetmezçiligi bilen bagly ýüze çykan logistika problemalary bilen ilteşdirýärler.
“Megerem, ýangyç ýetmezçiligi transport hyzmatlaryna täsir etdi, bu hem öz gezeginde bahalaryň ýokarlanmagyna getirdi” diýip, lebaply et satyjysy aýdýar.
Bellesek, bu sebitde ýangyç ýetmezçiligi soňky wagtlarda ýygy-ýygydan gaýtalanýar.
Şol bir wagtda, et söwdasy bilen meşgullanýan käbir telekeçileri bazalarda emele gelen soňky ýagdaýlary maldarçylyk hojalyklarynda iri şahly mallaryň baş sanyny köpeltmek boýunça alnyp barylýan tagallalar bilen ilteşdirilýär.
Türkmenistanda ownuk şahly mallardan, goýun-geçilerden owlak-guzy almak möwsümi bahar aýlarynda alnyp barylýar. Iri şahly mallar üçin bu ugurda kesgitli wagt ýok, ýöne iri maldarçylyk toplumlary gara mallardan göle almak möwsümini tebigy şertleriň amatly döwürlerine gabat getirmäge çalyşýarlar.
“Häzir maldarçylyk hojalyklarynda köp sanly iri şahly mallar bogaz, şol sebäpden sygyr etiniň üpjünçiligi egsildi. Ýöne şonda-da mal etiniň bahasy 80 manat bolmaly däl” diýip, lebaply satyjy aýdýar.
Welaýatyň beýleki etraplarynda bahalar gaty bir gyradeň däl, merkezden sähel tapawutlanýar.
Köýtdendag we Halaç etraplarynyň birnäçe ýaşaýjysy öz sebitlerinde sygyr etiniň bahasynyň merkezdäki bahalardan iki manat çemesi arzan bolandygyny aýdýarlar.
Bu aralykda, sebit merkezinde sygyr etiniň bahasy gymmatlaýan mahaly, ýerli ýaşaýjylar bazarlarda doňuz etiniň köpelýändigini aýdýarlar.
“Sygyr eti satylýan tekjelerde doňuz eti peýda bolup başlady. Bu Türkmenistan üçin üýtgeşik ýagdaý” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Onuň sözlerine görä, doňuz eti ilat arasynda uly islegden peýdalanmaýar, satyjylaryň käbirleri bolsa, doňuz etini alyjylara hödürlänlerinde, kinaýa bilen, “ak goýunyň eti” diýip satýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky çeşmeleri bu sebitde sygyr etiniň bahasynyň 65 manat töwereklerindedigini aýdýarlar.
Mundan ozal, güýz aýlarynda sygyr etiniň bahasy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 80 manda çenli gymmatlapdy.
Ýöne ýurduň tas ähli sebitlerinde birnäçe aýlap, etiň bahasynda durnuksyzlyk dowam etdi, et önümleri kä gymmatlap, kä arzanlady. Resmiler bu ýagdaý boýunça hiç hili düşündiriş bermedi.
Resmi metbugat soňky ýyllarda Türkmenistanda maldarçylyk toplumlarynyň ösdürilýändigi, olarda iri we ownuk şahly mallaryň idedilip, mallardan alynýan önümleriň artdyrylýandygyny aýdýar.
Öňki ýyllarda ýyllarda gündogar sebitde diňe Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň özünde 25 sany iri şahly mallaryň fermasynyň bolandygy habar berildi. Bäş ýyl çemesi mundan ozal, resmi habarlarda ýurt boýunça 122 sany maldarçylyk toplumynyň bolandygy habar berildi. Şonda metbugat ýurtda öndürilýän maldarçylyk önümleriniň, şol sanda etiň we süýdüň 90 göteriminiň hususyýetçiler tarapyndan öndürilýändigini habar berdi.
Bu aralykda, Balkan welaýatyndaky habarçymyz bu sebitde ozal bahasy 18 manat bolan bir litr günebakar ýagynyň 33 manada gymmatlandygyny habar berýär. 83 göterimlik gymmatlama pagta ýagyna bolan talaby güýçlendirdi.
“Häzirki wagtda bahasy 33 manat bolan günebakar ýagyny diňe sanlyja marketlerden satyn alyp bolýar. Ahal’ haryt nyşanly pagta ýagynyň bir litri 20 manatdan satylýar. Onuň gapdaly möhleti geçen miwe suwlary satylýar” diýip, balkanly ýaşaýjylar aýdýar.
Söwda pudagyndan habarly çeşmeler sebit günebakar ýagynyň döwlet bahasynyň 18 manatdan 29 manada çykarylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça söwda edaralaryndan resmi teswir alyp bilmeýär.
“Adamlaryň pensiýa haklary 3-8 % aralygynda ýokarlandy, azyk önümleriniň bahalary 80-100 % gymmatlaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň günbatar welaýatdaky habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.