Türkmengaz döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde şu ýylyň geçen on bir aýynda daşary ýurtly sarp edijilere suwuklandyrylan gazyň 106,7 müň tonna golaýy ugradyldy. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.
Munuň özi 11 müň tonna golaý harytlyk önümiň meýilnama goşmaça eksport edilendiginden habar berýär.
Müdirlik boýunça hasabat döwründe geçginli önümiň 109,7 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama 107,8 göterim berjaý edildi.
Gazanylan üstünlige müdirligiň Naýyp gaz känindäki desgalar toplumynyň hünärmenleri saldamly goşant goşýarlar. Üstümizdäki ýylyň geçen on bir aýynda bu öňdebaryjy toplumda suwuklandyrylan gazyň 97390 tonnasy öndürildi. Bu bolsa 6,2 müň tonna golaý önümiň meýilnama goşmaça öndürilendigini görkezýär.
Esasy işler bilen birlikde Naýyp gaz käninde suwuklandyrylan gazy kabul edýän we saklaýan, şeýle-de Gazojak şäherindäki suwuklandyrylan gazy kabul edýän we demirýol hem-de awtoulag çeleklerine ýükleýän desgalaryň durklaryny täzelemek işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.