Lebapda pagta ýygymy batly depginde dowam edýär

Lebapda pagta ýygymy batly depginde dowam edýär

Lebap welaýatynda býujet isgärleriniň pagta ýygym işlerine mejbury çekilmegi dowam edýar. Ýagyşly günlerden soň pagta meýdanlardaky yzgarly şertlerde ýerli býujetçiler işinden boş günlerinde dynç almagyň deregine döwlete pagta ýygyp berýärler.

Şu günler býujet isgärleriniň tas ählisi dynç günlerinde pagta ýygymyna köpçilikleýin çekilýärler diýip, Azatlygyň habarçysynyň 1-nji noýabrda beren maglumatyna görä, bu ýagdaý Lebap welaýatynyň Seýdi, Dänew, Farap, Çärjew eraplarynda dowam edýär.

Ýerli býujet işgärleriniň sözlerine görä, olar birnäçe hepde bäri pagta meýdanlaryna köpçülikleýin äkidilýärler.

Habarçylar şondan bäri howanyň ýagyşly bolandygyny, emma muňa garamazdan, adamlaryň ekin meýdanlaryna çykmaga mejbur edilýändigini belleýärler.

"Oktýabyr aýynyň soňky heplerinde güçli ýagyş yzly-yzyna ýagdy. Her iki gün ara açyp ýagyş ýagdy. Ekin meýdanlary palçyk, laý boldy. Gowaça meýdany yzgarlydy. Şol ýagyşly günler hem we ýagyşdan soň býujetçiler pagta meýdanlaryna çykmaga mejbur bolýarlar" diýip, habarçymyz ekin meýdanlaryndaky ýagdaý barada gürrüň berýär.

Pagta mejburlygy Türkmenistada ýyllarboýy dowam edýär, onuň soňky aýda güýçlenmegi prezident Serdar Berdimuhamedowyň pagta hasylyny ýygnamagyň depginini güýçlendirmegi tabşytmagynyň yzýany has-da bat aldy.

Lebapda döwlet edara-kärhanalarynyň ählisi öz işgärleriniň pagta kampaniýasyna gatnaşmagyny üpjün etmäge çlyşýarlar. Şu günler pagta ýygyma her bir işgär goşant goşmaga borçly edilýär, ekin meýdanlaryna gitmedikler öz ýerine hakyna tutma adam iberýär we onuň günlük zähmet hakyny töleýär.

Hususan-da, Türkmenabatda welaýatyň başga etraplaryndan, obalardan gelen adamlary hakyna tutup bolýar.

"Türkmenabadyň býujet isgärleri tarapyndan hakyna tutulýan ýygymçylar Saýat etrabyndan has köp gelýär. Türkmenabadyň ähli edara-kärhanalarynyň isgärleri pagta gitmek üçin şäheriň merkezinden Çärjew etrabyna çykýan ýoluň ugruna baryp toplanýarlar, şol ýolyň ugruna awtobus gelip bu isgärleri ýa-da olaryň hakyna tutan ýygymçylaryny pagta meýdanyna alyp gidýär" diýip, ýerli döwlet kärhanasynyň işgäri gürrüň berdi.

Lebapda hakyna tutulýan ýygymçylaryň arasynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň, şol sanda buluçlaryň köpdügini habarçylar aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, hususan-da, Çärjew etrabynyň Lebap birleşiginde we Guşçular obasynda Ýolöten etrabyndan onlarça buluç pagta ýygnaýarlar. Käbir ýygymçylar günde 100-150 kilogram pagta ýygnaýar.

Býujetçiler pagta ýygmaga mejbur edilýärkä, oba hojalykda zähmet çekýän kärendeçiler ýetişdiren pagta, bugdaý we beýleki hasyllary üçin döwletiň berýän töleginiň örän ujypsyzdygyny, käte hasaplaşygyň wagtynda geçirilmeýändigini we özleriniň tutuş ýyllap çeken agyr zähmetinden gitdeji alyp bilmän, hatda döwlete bergili bolup galýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan dünýäniň pagta öndürýän esasy ýurtlarynyň onlygyna girýär we çig pagtasyny Russiýa, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Britaniýa we başga-da birnäçe ýurda satýar. Emma türkmen hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanmagy sebäpli edilýän halkara tankytlaryna resmi reaksiýa bildirmeýär.

Şeýle-de bolsa, ýurduň pagta meýdanlarynda şu günler býuet işgärlerinden başga-da esgerler we çagalar göze ilýär. Bu ýagdaýlary resmi taýdan kommentirlemeýän türkmen hökümeti şu ýyl 1,25 million tonna pagtanyň ýygnalmagyna garaşýar. Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri hökümetiň kesgitlän planynyň her gezek dolýandygyny ýyllarboýy habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkalAzatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýagyşdan soň gapaklan gowaça meýdanlarynyň hatarara bejergisine kultiwatorlar ýetmezçilik edýär
Lebapda benzin her bir ulaga 10 litr möçberinde, çäklendirilen görnüşde satylyp başlandy
Türkmenabatda ýagyş zerarly agyz suw we lagym turbalary sandan çykdy
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Etrek, Sumbar derýalarynyň joşmagyna, Köpetdag sebitinde güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti