Şu günler ýurduň gündogar sebitlerinde howanyň temperaturasynyň aşaklaýan mahaly, pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Esgerler we býujet işgärleri heniz hem ýygym işlerine çekilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Watan, Azatlyk, Guşçular, Ýasydepe we Lebap daýhan birleşiklerindäki gowaça meýdanlarynda pagtanyň ep-esli azalandygyny, ýygymçylaryň köplenç ýere dökülen pagta hasylyny ýygnaýandyklaryny habar berýär.
Ýerli häkimiýetler ýygym möwsüminiň 12-nji dekabra çenli dowam etdiriljekdigini aýdýarlar. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary işgärleriň ýygyma köpçülikleýin gatnaşmagyny talap edýärler. Şol bir wagtda, sebitiň harby bölümlerinde gulluk borjuny ýerine ýetirýän esgerler hem pagta ýygymyna çekilýär.
“Döwlet eýeçiligindäki awtobus kerwenleri 100 çemesi esgeri irden Azatlyk daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlaryna getirýär. Harbylar haýal etmän ýygyma girişýärler” diýip, ýerli daýhanlar aýdýar.
Esgerler günüň ikinji ýarymynda köpçülik transport serişdeleri bilen harby bölümlere daşalýarlar.
Howa gijelerine salkynlaşýar, gündizlerine maýlaýar. Degişli daýhan birleşiklerindäki gowaça meýdanlarynyň kenarlarynda gowaça çöplerini ýakyp, onuň howruna çoýunýan býujet işgärlerini synlasa bolýar.
Gündogar sebitde dowam edýän pagta möwsümine awgustyň ikinji ongünlüginde girişildi. Käbir býujet işgärleri ýygym möwsüminde özleriniň ýygyma gatnaşman, öz orunlaryna hakyna tutma ýygymçy tutandyklaryny aýdýarlar.
Obalarda habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan işgärleriň käbirleri dört aý çemesi wagtyň dowamynda özleriniň hakyna tutma işçiler üçin 1200-1400 manat aralygynda harajat çykarandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanyň hökümeti pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda yzygiderli tankyt edilýär. Türkmenistanda öndürilen pagta hasyly ýa-da türkmen pagtasyndan ýasalan önümler içerki bazarlar bilen bir hatarda käbir daşary ýurt döwletlerinde alyjy tapýar.
Lebap welaýatynyň döwlet eýeçiligindäki käbir edara-kärhanalarynda sentýabryň ortalarynda pagta önümçiliginde mejbury zähmete arakesme berildi. Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, 15-nji sentýabrda welaýat häkimligi ençeme döwlet edara-kärhanalaryny, şol sanda lukmançylyk we aragatnaşyk pudagynyň işgärlerini mejbury pagta ýygymyndan boşatdy. Muňa garamazdan, bilim edaralarynyň işgärleriniň mejbury ýygyma çekilmegi dowam etdirildi.
Ýöne sentýabryň ahyrlarynda sebitiň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmet gaýtadan batlandy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary noýabryň başynda Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde býujet işgärleriniň dynç günlerinde ýygym işlerine çekilýändiklerini habar berdiler.
Biraz soň, 12-nji noýabrda ýurt boýunça Hasyl toýy bellenilip geçilýän mahaly, esgerleriň we býujet işgärleriniň bu sebitde gowaça meýdanlaryna alnyp gidilmegi dowam etdirildi.
Ýaňy-ýakynda Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gabakly, Uzynsuw we Türkmenistan obalarynda býujet işçileriniň wagtlaýyn çadyrlarda bolup, sebitiň gowaça meýdanlarynda ýygym işlerine gatnaşýandyklaryny habar berdiler.
Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagyndaky mejbury zähmet meselesi soňky sapar 6-njy noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynda Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilen bir ýygnakda hem gozgaldy. Daşary ýurt döwletleriniň wekilleri Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanylmagy baradaky habarlara alada bildirdiler.
Munuň bilen baglylykda, türkmen resmileri Halkara zähmet guramasynyň wekilleriniň Türkmenistana baryp görmeklerine mümkinçiligiň döredilendigini we olaryň belli etraplarda oba hojalyk işleriniň guramaçylygy bilen tanyş bolandyklaryny aýdýarlar. Olar şertleriň gowulandyrylýandygyny belläp, mejbury zähmeti inkär edýärler.
Şol bir wagtda, döwlet tabşyrygy esasynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlar ýyllar boýy mineral dökünleriniň, oba hojalyk tehnikalarynyň we ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýärler.
Döwlet metbugaty şu günler ýurduň ähli sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleri bilen bir hatarda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleriniň dowam etdirilýändigini habar berýär.
Ýöne resmi habarlarda ýurduň pagtaçylyk pudagyndaky mejbury zähmet bilen bagly aladalar agzalmaýar.
Şu ýyl Türkmenistan boýunça 580 müň gektar meýdana gowaça ekilip, 1 million 250 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.