Lebapda otly, uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi

Lebapda otly, uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi

Türkmenistanyň gündogar welaýatynda Türkmenabat Aşgabat we Kerki Aşgabat ugurlary boýunça otly we uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi. Transport kynçylyklary harby gulluga çagyryş möwsüminiň başlanmagy bilen ilteşdirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Şu günler gulluga çagyrylan ogullaryny görüp gelmek üçin, ýola şaýlanýan esger hossarlary bilet gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.Aeroportlaryň bilet kassalarynda eýýäm martyň 20-sinden soň, “1-nji aprelde harby gulluga çagyryş möwsümi başlanýar” bahanasy bilen, 1-15-nji aprel aralygynda Aşgabat ugry boýunça biletleriň gutarandygyny aýdýarlar.

On günden gowrak wagt bäri, her gün Kerkiniň aeroportynyň kassasyna gatnaýarys, ýöne “Kerki Aşgabat” we “Türkmenabat Aşgabat” ugurlary boýunça uçarlara bilet tapyp bilemizok” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullukçylary ýazky harby gulluga çagyryş möwsümi aprel iýun aýlarynda alnyp barylýar. Raýatlar, adatça, sebitara otlularda harby gulluga alnyp gidilýär.

Ýerli ýaşaýjylar gündogar welaýatda diňe bir uçar biletleriniň däl, eýsem, otly biletleriniň hem tapdyrmaýandygyny aýdýarlar.

“Indi ulag administrasiýasy üçin ýazky çagyryş gowy bahana öwrüldi. Nämemiş, ähli biletler ilkinji nobatda esgerler üçin bron edilýär, şonuň üçin bilet ýok diýýärler. Ýöne para berseň, bir sagada tapdyrýar” diýip, bir pensioner aýal Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, howa menzilleriniň işgärleri uçar biletleriniň döwlet bahasynyň üstüne para soraýarlar we 1000-1100 manada islendik senä biletleri satyn almagyň mümkindigini aýdýarlar.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 27-28-nji martda şäherara hususy taksileriň bahalarynyň iki esse, minibuslaryň ýol kireýleriniň bolsa, üç esse çemesi ýokarlanandygyny habar berýär.

Neşire görä, Mary Aşgabat ugry boýunça hususy taksileriň bahasy 100 manatdan 200 manada, minibuslaryň ýol tölegleri 50-60 manatdan 150 manada çenli gymmatlady.

Türkmenistanda, hususan-da, möhüm baýramçylyklarda ýa-da ýurt boýunça sebitara hereketiň işjeňleşýän döwründe transport kynçylyklary ýüze çykýar. Şol bir wagtda, uçar we otly petekleriniň elýeterliligi problema bolmagynda galýar.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary 28-nji martda Türkmenabat Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlaryna göz öňünde tutulandan has köp ýolagçynyň alynýandygyny, ilaty otly hyzmatlary bilen üpjün etmegiň pes bolmagynda galýandygyny habar berdiler. Şonda kupe wagonyna bilet satyn alan türkmenabatly bir ýolagçy otluda özüniň umumy wagonda giden ýaly syýahat edendigini, otlynyň geçelgeleriniň hem ýolagçydan doly bolandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýolagçy polisiýanyň transport ulgamlaryna gözegçilik edýän bölümleriniň işgärleriniň hem-de ýolbeletleriň resmi bahasy 100 manat bolan otly biletlerini 200 manatdan ýolagçylara satandyklaryny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy emele gelen transport kynçylyklary boýunça “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de “Türkmenistan” awiakompaniýasyndan teswir alyp bilmedi.

“Türkmendemirýollary” we “Türkmenhowaýollary” agentlikleri hem emele gelen transport kynçylyklary barada beýanat bermeýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentligi ýurduň transport pudagyna gözegçilik edýär.

Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurduň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini habar berýär, ýöne uçar we otly biletleriniň ýetmezçiligini agzamaýar.

Türkmenistanda 15-nji martda nobatdaky harby gulluga çagyryş möwsümi yglan edildi. 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar apreliň başyndan iýun aýynyň ahyryna çenli harby gulluga alnyp gidilýär. Çagyryş möwsümi ýylda iki gezek, ýaz aýlarynda we güýz aýlarynda yglan edilýär.

Bu döwürde harby gullugy tamamlan raýatlar hem harby gullukdan boşadylýar we öýlerine ugradylýar.Raýatlary harby gulluga çagyrmak we gullukdan boşatmak möwsümlerinde esgerleriň ýurt boýunça sebitara hereketi işjeňleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Baýramçylyk gabatlarynda, ýolagçylaryň sebitara transport meseleleri ýitileşdi
Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýar
Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy
Lebapda welaýatara taksileriň kireý nyrhlary dört aýda 70% gymmatlady
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny