
Türkmenistanyň gündogar welaýatynyň saglyk pudagynda işgär ýetmezçiligi barha çynlakaý meselä öwrülýär. Azatlyk Radiosynyň bu welaýatyň dürli ýerlerinden habarlaşan çeşmeleri, häzirki wagtda saglyk işgärleriniň, aýratyn hem lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň giň möçberde işlerini taşlap, daşary ýurtlara gidýändiklerini aýdýarlar. Bu ýagdaý ilatyň saglyk hyzmatlaryna elýeterliligini çäklendirýär we näsaglara ýaramaz täsir ýetirýär.
Türkmenabadyň saglyk öýleriniň birinde işleýän lukmanyň sözlerine görä, edarada oftalmolog, newropatolog we endokrinolog ýaly dar ugurly lukmanlar tas galmandyr.
"Maşgala lukmanlary hem şepagat uýalary bilen bilelikde has köp işden gidýärler. Kimdir biri Türkiýä gidýär, kimdir bolsa Gazagystana ýa-da Orsýete. Käbirleri bolsa ýagdaýdan bizar bolup, saglyk ulgamyndan ýüz öwürüp, beýleki ugurlara geçýärler" — diýip, çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Saglyk işgärleriniň sözlerine görä, lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň işden çekilen halatlary has hem 2025-nji ýylyň başyndan bäri ýygjamlaşypdyr.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, Türkmenabadyň saglyk öýleriniň diňe birinde soňky 3 aýyň dowamynda azyndan 4 maşgala lukmany, 5 şepagat uýasy, şeýle hem birnäçe feldşer we sanitariýa-arassaçylyk işgäri işden çykypdyr.
Feldşer lukmanyň ornundaSaglyk edaralarynda işden gidýän işgärleriň ýerini doldurmak üçin pudak we edara ýolbaşçylary ýol gözlemeli bolýarlar. Çykalga hökmünde seredilýän usullaryň biri medisina ugrundan orta okuw jaýlaryny tamamlan feldşerler — maşgala lukmanlarynyň ýerine işe alynýar.
Türkmenabadyň bir saglyk edarasynyň ýolbaşçylygyna ýakyn çeşmäniň aýdmagyna görä, feldşerleriň maşgala lukmany hökmünde işe alynmagy resmi däl ýagdaýda Saglyk ministrliginiň "rugsady" bilen amala aşyrylýar:
“Bu ýagdaý absurda öwrüldi. Feldşerler adatça tiz kömek gullugynda işlemek üçin taýýarlanýar. Olaryň bilim derejesi we tejribesi maşgala lukmany hökmünde işlemek üçin ýeterlik däl. Emma muňa rugsat berildi diýip aýdýarlar. Beýle çemeleşme halkyň saglygyna ýaramaz täsir ýetirýär.”
Korrupsiýa, garyndaşparazlyk ýagdaýy agyrlaşdyrýarSaglyk işgärleriniň ýene bir möhüm şikaýatlarynyň biri ýolbaşçylaryň garyndaşparazlygy we parahorlugy.
Türkmenabat şäherindäki çeşmeler Azatlyga beren gürrüňlerinde, saglyk öýlerinde ähli möhüm wezipelere ýolbaşçylaryň garyndaşlarynyň we tanyşlarynyň bellenýändigini öňe sürdüler.
“Adamlar ýyllap işläp, tejribe toplap, işiň ähli kynçylygyna çydap geldi. Emma olaryň ýerine, ýolbaşçylaryň tanyş-bilişleri — hatda okuwy täze gutaran feldşerler lukman hökmünde işe alynýar. Köne işgärleriň köpüsi bu ýagdaýlara çydam edip bilmän, aýlyk azlygy, basyş we hormatsyzlyk sebäpli işlerini taşlap gidýärler” — diýip çeşmeleriň ýene biri aýdýar.
Soňky alty aýyň dowamynda diňe Türkmenabatdaky saglyk edaralaryndan işden çykan işgärleriň sany 30-dan geçýär, diýip, pudakdaky ýagdaýdan habarly çeşmeler belleýär. Olaryň sözlerine görä, işden çykyp gidenleriň aglaba bölegi daşary ýurtlara gidipdir ýa-da indi gitmäge synanyşýar.
Şeýle-de, saglyk işgärleri käri boýunça işini taşlap, söwda ýa-da ekerançylyk işlerine geçýärler.
Çärjew etrabynyň merkezi şäherçesinde ýerleşýän hassahananyň işgärleri hem işden gidýän kärdeşleriniň köpelýändigini tassykladylar.
“Kärdeşlerimiziň köpüsi indi medisina bilen meşgullanyp bilemok diýýärler. Kimdir birisi söwda bilen meşgullanyp başlady, beýlekiler bolsa ýer sürüp, ekerançylyk bilen ýaşaýşyny dowam edýär. Saglyk pudagy öňki çekijiligini ýitirdi” — diýip, hassahananyň bir lukmany aýdýar.
Bu saglyk edarasynda soňky 4 aýda azyndan 9 işgär, ýagny 4 şepagat uýasy, 2 feldşer we 3 maşgala lukmany işden çykypdyr.
Azatlyk Radiosy Türkmenabadyň we etraplaryň medisina ýolbaşçylaryndan resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.
Hökümet dymýarSaglyk ulgamyndaky bu ýagdaýlara döwlet derejesinde hiç hili açyk reaksiýa berilmeýär. Resmi metbugat bu mesele barada dymýar, Saglygy saklaýyş ministrligi bolsa kadrlaryň ýetmezçiligi ýa-da işgärleriň işden gidýänligi barada düşündiriş bermäge synanyşanok.
Bu ýagdaý, Türkmenistanyň saglyk ulgamynyň netijeliligine täsir ýetirýär. Medisina işgär ýetmezçiligi diňe bir işgärlere däl, eýsem tutuş ilata ýaramaz täsir ýetirýär, ilatyň saglygyna howp salýar diýip, çeşmeler belleýär.
“Ine, meniň göz öňümde diňe şu ýyl 60 ýaşdan geçen birnäçe hossarym lukmanlara wagtynda ýüz tutup bilmän, ýagdaýy agyrlaşdy. Saglyk öýünde nobatlar uzyn, lukman ýok. Kimdir pul bilen hususy merkezi tapýar, emma köp adam beýle mümkinçilikden mahrum” — diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berýär.
Azatlygyň habarçylary ýurduň başga welaýatlarynda we paýtagtynda lukmanlaryň we şepagat uýalaryň işinden köpçülikleýin çekilýändigini iki ýyl bäri habar berip gelýär. Bu ýagdaý medisina edaralarynda, hususan-da şepagat uýalarynyň işini arassaçylyk işgärleriniň ýerine ýetirmegi ýaly ýagdaýlaryň köpelmegine getiripdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.