Bu ilatly punktlaryň arasynda gatnaýan awtobuslar mejbury pagta ýygyma çekilýän býujet işgärlerini daşamaga mejbur edilýär.Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 9-njy oktýabrda howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde maglumat berdi. “Hojambaz Türkmenabat, Amyderýa Türkmenabat, Kerkiçi Türkmenabat aralygyna gatnaýan awtobuslar, şeýle-de etraplar bilen obalaryň arasynda gatnaýan awtobuslar indi býujet işgärlerini pagta ýygyma gatnadýar. Şol sebäpden ýerli ýaşaýjylar, şol sanda okuwçylar transport meselesinde kösenýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp habar berdi.
Türkmenistanda şu günler pagta ýygym möwsümi dowam edýär, regionlarda häkimiýetler pagta ýygym möwsümine girişilmegi bilen ýerlerdäki köpçülikleýin transport serişdelerini ýygyma köpçülikleýin çekilýän býujet işgärlerini gatnatmak üçin ulanýar. “Lebaplylar her ýyl pagta ýygym möwsüminde bu problema bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar” diýip, lebaply bir ýaşaýjy atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. “Her hojalykda maşyn ýok, hususy taksileriň hereketine ýol berilmeýär” diýip, ol agzalýan problemanyň töweregindäki ýagdaýlary düşündirdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň çäginde hereket edýän hususy mikroawtobuslar soňky bir aý bäri Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň etraplardaky jerime duralgalarynda saklanýar. “Işlemek üçin, ýaşamak üçin tas şert ýok diýse-de boljak” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde zeýrendi.
Türkmenistanda dowam edýän pagta ýygym möwsümine Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 11-nji sentýabrda, Daşoguzda 18-nji sentýabrda resmi derejede girişildi. Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Regionlarda döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin transport serişdeleriniň býujet işgärlerini pagta ýygyma gatnadanda wagtal-wagtal ýol hadysalaryna-da duş gelinýär.Geçen ýylky pagta möwsüminde Türkmenabat şäherinde mugallymlary pagta ýygmaga alyp barýan awtobus ýol hadysasyna uçrady.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bu hadysanyň jikme-jikligini habar berdi. 2018-nji ýylyň 31-nji awgust güni Türkmenabat şäherinde ýerleşýän 62-nji çagalar bagynyň golaýynda 20-den gowrak mugallymy pagta ýygmaga alyp barýan “Gaz 53” kysymly köpçülikleýin transport serişdesiniň “Nissan Versa” kysymly ýeňil awto ulag bilen çakyşmagynyň netijesinde ýol hadysasy boldy. Şeýle heläkçilik hadysalary barada Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdelerinde habar berilmeýär.
Halkara hukuk goraýjy guramalar Türkmenistanyň pagtaçylyk pudagynda häkimiýetleriň mejbury zähmetden peýdalanmagyny yzygiderli tankyt edip gelýär.Türkmenistanda döwlet emeldarlary bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip resmi derejede çykyş etmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.