Lebabyň Türkmenabat şäherinde täze ýylyň ilkinji günlerinde käbir hyzmatlaryň nyrhy 100%-e çenli gymmatlady. Gymmatlamany döwlet tarapyndan hojalyklara berilýän suwuň we dellekhana hyzmatlarynyň nyrhlarynda görse bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.
“Suw edaranyň we Jaý dolandyryş müdirliginiň işgärleri 1-nji ýanwardan başlap hojalyklara berilýän 1 kub metr suwuň bahasynyň 1 manat diýlip kesgitlenilendigini aýtdylar. Olar munuň Türkmenistan boýunça tassyklanan nyrhdygyny bellediler. Öň ýaşaýjylar 1 kub metr üçin 50 teňňe tölän bolsalar, indi 1 manat tölärler” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
2-nji ýanwardan başlap şäheriň 40-dan gowrak dellekhanasynda hyzmatlaryň nyrhlary hem takmynan 30% gymmatlady.
“Öň mekdep okuwçysy saçyny kesdirende 15 manat töleg alnan bolsa, häzir 20-25 manat soralýar. Uly adamlar saçyny kesdirende ozal 20-25 manat tölän bolsa, häzir 30-35 manat tölemeli bolýarlar. Her bir hyzmatyň bahasy 5-10 manat gymmatlady” diýip, türkmenabatly başga bir ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.
Ýaşaýjylaryň ençemesi dellekhana hyzmatlarynyň bahalaryna döwlet tarapyndan gözegçilik edilmeýändigini aýdyp, gymmatlama garşy nägilelik bildirýär.
Ýöne dellekhana işgärleri özleriniň kireýine alýan dellekhana jaýlarynyň aýlyk kireýiniň ýokarlandyrylandygyny aýdyp, hyzmatlaryň nyrhlaryny gymmatlatmasalar, özleriniň zyýan çekjekdiklerini belleýärler.
“1-nji ýanwardan başlap dellekhanalaryň jaý kireýleri 2 müň manada çenli gymmatlady. Şol sebäpli dellekhana işgärleri hyzmatlarynyň nyrhlaryny ýokarlandyrmaly boldular” diýip, türkmenabatly dellekhana işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar bararda degişli häkimiýetlerden, şol sanda şäheriň suw edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.
Gymmatlamalar, Türkmenistanda, adat bolşy ýaly, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň ýene-de 10% köpeldilmegi bilen utgaşdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 31-nji dekabrda, türkmen halkyna eden täze ýyl gutlagynda aýdylmagyna görä, aýlyk haklary we kömek pullary halkyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen köpeldildi.
Emma ýaşaýjylar bu çäräniň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna hiç hili täsir ýetirmeýändigini, sebäbi 10% goşundynyň ýyl-ýyldan gymmatlaýan durmuş we harytlar bilen bäsleşmekden ejiz gelýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanda 15 ýyl çemesi wagt bäri her ýylyň 1-nji ýanwarynda ilatyň aýlyk haklary 10% ýokarlandyrylýar. Ýöne harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary onlarça göterim gymmatlaýar. Soňky on ýylda aýlyk haklary tapgyrlaýyn esasda 100% ýokarlanan hem bolsa, azyk harytlarynyň, şol sanda unuň bahasy 750-800% gymmatlady.
Bu ýiti gapma-garşylyk, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, döwlet dükanlarynda azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, ilatyň güzeran eklenjini günsaýyn diýen ýaly agyrlaşdyrýar. Soňky ýyllarda ýurtda dilegçilik edýän, zibil dörýän raýatlar, şol sanda çagalar we garrylar köpelýär.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamazdan, ýurtda “giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny” ýygy-ýygydan öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.