Türkmenistanda koronawirus aladalary bilen bagly girizilen käbir çäklendirmeler gowşadylyp başlandy. Şol bir wagta, raýatlaryň sebitara hereketine we regionlardaky uly bazarlaryň işine girizilen gadagançylyklar henizem saklanyp galýar.
“Lebapda karantin çäklendirmeleri gowşadylýar. Türkmenabatda eýýäm ähli kafeler we garbanyşhanalar öz işine başlady. Egin-eşik dükanlary hem açyldy. Geçen dynç günleriniň dowamynda şäheriň 10-a golaý toý kafelerinde dabaralar geçirildi. Ozakylar ýaly polisiýa gelip, olary dargatjak bolmady” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjylaryň biri 28-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.
Ol ýurduň gündogar welaýatynyň dolandyryş merkezinde maska režimine hem gözegçiligiň gowşadylandygyny aýtdy.
“Indi polisiýa köçelerde maskasyz ýa-da örtügi aşak düşürilen adamlara hem azar bermeýär, jerime ýazmaýar. Netijede bu günler köçelerde we ulaglarda maskasyz adamlary has köp görse bolýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Pandemiýanyň dowamynda ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri, COVID çäklendirmeleriniň gowşadylyp başlanandygy barada hem ilata maglumat bermediler. Bu boýunça Azatlygyň türkmen resmilerinden, şol sanda ýurduň Saglyk ministrliginden hem goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.
Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary ýurtda sebitleriň arasyndaky hereket çäklendirmeleriniň henizem saklanyp galýandygyny aýdýarlar.
“Lebapdan Aşgabada ozalky tertipde aşmaly. Ýagny welaýatyň Keselleriň öňüni alyş we olara garşy göreş gullugyndan ýörite güwanama almaly. Munuň üçin, welaýatyň beýleki etraplaryndan adamlar birnäçe gün öňünden Türkmenabada gelip, nobata ýazylýarlar. Edaranyň öňi her gün güwanama aljak bolýan adamlardan doly” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri aýtdy.
Ol sebitde restorandyr kafeleriň açylmagy bilen, uly bazarlaryň henizem ýapyk saklanýandygyny sözüne goşdy.
“Çärjew etrabynyň günortasyndaky Ak bazar’ karantin sebäpli ýapylanyndan bäri, entegem açylmady.Bu sebäpli esasan hem mallaryny ýa-da ulaglaryny satmak isleýänler kösenýär.Muňa çykalga hökmünde, ýekşenbe güni onlarça söwdagär Mary-Türkmenabat uly ýolunyň ugrunda emeli bazar esaslandyryp, ulaglaryny şol ýere çykardylar. Ýol polisiýasy ilki olary dargatjak bolsa-da, söwdagärleriň boýun gaçyrmagyndan soň, bu meýlinden el çekdi” diýip, bu wakalara şaýat bolan söhbetdeşimiz belledi.
Mundan ozal, Azatlygyň çeşmeleri 12-nji martda geçirilen irki prezidentlik saýlawlaryna gabat we Serdar Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagyndan soň, käbir çäklendirmeleriň gowşadylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdylar. Olar häkimiýetleriň muny Serdar Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagy bilen hamala gönümel baglanyşygynyň bardygyny görkezmek maksady amal edýändiklerini hem nygtapdylar.
Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistan 2020-nji ýylda pandemiýa başlanaly bäri ýurtda COVID-19-yň ýeke ýagdaýynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny öňe sürýär. Emma ýurtdan syzyp çykan maglumatlarda wirusa ýoluganlaryň, ondan heläk bolanlaryň hem köpdügi bellenilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.