Lebapda Internetiň tizligi haýallap, mobil ulgamyň hili ýaramazlaşdy

Lebapda Internetiň tizligi haýallap, mobil ulgamyň hili ýaramazlaşdy

Lebapda ilatyň Internet üpjünçiliginiň ýagdaýy ýaramazlaşdy. Bu ýagdaý, ilatyň Internet arkaly birek-biregi bilen habarlaşmak we maglumat okamak mümkinçiligini ýiti çäklendirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“Soňky günlerde Türkmenabat şäherinde mobil internetiň tizligi juda pes bolup, ilat Internetden tas peýdalanyp bilmeýär. Öýlere çekilen Wi-Fi ulgamlary hem juda pes derejede işleýär” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Häzirki wagtda ýurtda VPN-siz işleýän ýeke-täk IMO messenjeri hem kadaly işlemeýär.

Bu messenjer arkaly ýurduň içindäki ulanyjylar bilen diňe ýazyşyp we gepleşip bolýar, ýöne ýurduň daşyndaky IMO ulanyjylar bilen bu mümkinçilikden hem peýdalanyp bolmaýar.

“IMO-daky storiler’ hem açylmaýar, doňup dur. Köp adam ýerli aragatnaşyk edaralaryna jaň edip, problemanyň sebäbini öwrenmäge çalyşdy. Ýöne olar anyk jogap alyp bilmediler” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanda ilata mobil Interneti “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy we öý Internetini “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy hödürleýär.

Internet üpjünçiliginiň pes bolmagy bank kartlary arkaly söwda edýän raýatlara hem oňaýsyz täsir etdi. Dükanlarda we dermanhanalarda töleg terminallary kadaly işlemedi.

Bu bökdençlik zerarly bank kartlaryndaky aýlyklaryny, pensiýalaryny nagtlaşdyrmak isleýän raýatlar şäheriň bank şahamçalaryndaky bankomatlaryň öňünde ýygnandylar.

“Ýöne olar bu ýerde hem, pullaryny nagtlaşdyrmak üçin ençeme minut garaşmaly boldular. Sebäbi Internetiň tizliginiň pesligi zerarly bankomatlar hem doly güýjünde işläp bilmeýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

12-nji fewralda günortan sagat 12-ä çenli “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň mobil ulgamynyň hiliň hem juda ýaramazlaşdy.

“Adamlar beýleki abonente jaň edip, biri-biri bilen habarlaşyp bilmediler. Umuman irdenden günortana çenli diňe öý telefonlary işledi” diýip, türkmenabatly başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

"Altyn Asyryň" ýerli edarasynyň käbir işgärleri problemanyň sebäbini duşenbe güni, ýagny hepdäniň birinji gününde kärhananyň mobil ulgamyna aşa köp agramyň düşendigi bilen düşündirdiler.

Azatlyk bu barada “Altyn Asyrdan” we “Türkmentelekomdan” teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda ilatyň mobil aragatnaşyk ulgamyndan we Internetden kadaly hem-de erkin peýdalanmak mümkinçiligi ýyllarboýy çäklendirilýär. Ilat mobil aragatnaşyk ulgamynyň kadaly işlemezligi, Internet üpjünçiliginiň kesilmegi yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmenistanyň hökümeti dünýäde öz ilatyna iň haýal tizligi bolan Internet mümkinçiligini hödürlemekde tanalýar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýär.

Ýurtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda SIM kartalary satylmaýar, Aşgabatda we Türkmenabatda internet haýallady
Lebabyň mekdeplerinde tapdyrmaýan kitaplar bazarlarda aç-açan satylýar
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Mary welaýatynda Internetiň tizligi ymykly peseldi
Lebapda we Aşgabadyň käbir etraplarynda internet birnäçe sagatlap bökdençis işledi
Türkmenistandan çykyp bilmedik we daşary ýurtda galan raýatlar resmilerden hemaýat soraýarlar