Lebabyň Türkmenabat şäherinde gaz, elektrik, suw edaralarynyň we arassaçylyk gullugynyň işgärleri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, sarp edilen hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri tizden-tiz geçirmegi talap edip başladylar.
Olar tölegleri öz wagtynda geçirmedik ýaşaýjylaryň jerimeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny hem duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 5-nji ýanwarda sebitden maglumat berdiler.
“Bu edaralaryň işgärleri ýaşaýjylardan tölegleri nagt ýa-da nagt däl görnüşde alýarlar. Tölegleri geçirip bilmedik hojalyklara duýduryş berilýär. Şeýle-de, olar tölegleri bäş günüň dowamynda geçirmedikleriň goşmaça töleglere sezewar ediljekdigini duýdurýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Ýaşaýjylardan sarp edilen gazyň we elektrik energiýasynyň bahasy geçen ýylky nyrhdan hasaplanýar. Ýöne içimlik suwuň bahasy täze nyrhdan, ýagny 1 kub metr suw üçin 1 manat alynýar.
Şu ýylyň başyndan döwlet tarapyndan hojalyklara berilýän içimlik suwuň bahasy öňünden hiç hili duýduryş berilmezden, birden 100% gymmatlady. Paýtagtyň we sebitleriň ýaşaýjylary bu barada hojalyk hyzmatlary üçin tölegleri geçiren wagtynda bilip galdylar.
“Arassaçylyk gullugynyň hünärmenleri hem her hojalykdan adam başyna ýyllyk 11 manat töwereginde pul tölemegi talap edýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy belledi.
Ýaşaýjylaryň ençemesi tölegler üçin ilata berilýän wagt möhletiniň juda azlygyndan şikaýat edýär. Olar ilatyň aglabasynyň aýlyk haklaryny Täze ýyly bellemäge sarp edendigini aýdyp, köpleriň tölegleri tölemekde kynçylyk çekýändigini bellediler.
“Alýan aýlyklarymyz bazarlardaky gymmatçylyk we hyzmatlaryň tölegleri bilen bäsleşip bilmeýär. Dekabrda ilat iki aýlygy birden alan bolsa-da, häzir köp adam aýyň soňuna nädip ýetmegi alada edýär” diýip, türkmenabatly başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada gürrüňi edilýän edaralar bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozal ilata mugt berlen tok, gaz we suw ýaly ýeňillikler tölegli edildi. Türkmen hökümeti munuň sebäbini ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen düşündirdi.
Şondan soň ýurt boýunça ýaşaýyş jaýlarynda elektrik, gaz we suw hasaplaýjy gurallary oturtmak işlerine, olaryň talaba laýyk işleýşine, şeýle-de tölegleriň geçirilişine gözegçilik güýçlendirildi.
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda girizilen tölegler köp sanly eli ýuka hojalyga goşmaça agram saldy. Habarçylarymyz ýurtda bu tölegleri töläp bilmeýän hojalyklaryň köpdügini ýygy-ýygydan aýdýarlar.
Häkimiýetler, ilatyň tölegleri geçirmegini üpjün etmek maksady bilen, indi birnäçe ýyl bäri döwlet edaralarynyň ençemesinden zerur resminamalary soraýan raýatlardan hojalyk hyzmatlary üçin tölegleriň geçirilendigi baradaky kepilnamalary talap edýärler.
4-nji ýanwarda Aşgabatdaky habarçylarymyz häkimiýetleriň şu ýylyň başyndan suwuň nyrhynyň iki esse ýokarlanandygy barada habar bermezliginiň, ilatyň arasynda elektrik energiýasy ýaly beýleki hyzmatlaryň hem gymmatlamagyndan gorkularyň artmagyna getirendigini aýtdylar.
Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan habar berip, ilatyň töleg geçirmekdäki kynçylyklary we munuň mümkin sebäpleri barada mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.