Geçen anna güni, ýagny 29-njy martda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki baş metjitde geçirilen juma namazyna gatnaşyjylaryň sany, mundan ozalky hepdeler bilen deňeşdirilende, ep-esli az boldy.
Dindarlaryň ençemesi munuň “Moskwa hüjüminden soň, türkmen häkimiýetleriniň metjitlere barýan ýaşlary yzarlamagy güýçlendirmegi” bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri 1-nji aprelde sebitden maglumat berdiler.
“Namaza gatnaşanlaryň aglabasy ýaşululardy. Olaryň diňe käbiriniň ýanynda ýetginjek ýaşyna ýetmedik agtyklary bardy. Geçen hepdelerde bolşy ýaly, orta ýaşly adamlar ýa-da ýaş ýigitler barmandyr. Umuman, juma namazyna gatnaşyjylaryň sany juda az boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.
Ol namaza gelen jemagatyň adamlaryň sanynyň azdygy barada özaralarynda ýuwaşlyk bilen gürrüň edendigini hem belledi.
Dindarlaryň ençemesi adamlaryň sanynyň az bolmagynyň “Moskwa hüjüminden soň, türkmen häkimiýetleriniň metjitlere barýan ýaşlary yzarlamagy güýçlendirmegi” bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Bolýan zatlara haýran galmaly däl. Russiýada bolan hüjümden soň, ýaş ýigitlerimiz namaza gelmäne gorkýarlar. Hat-da aramyzda hem komitete işleýän adamlar bolup biler. Şonuň üçin diliňe berk bolmaly” diýip, türkmenabatly bir ýaşuly anonim şertde aýtdy.
Ýatlatsak, geçen hepdäniň ortasynda, has takygy 27-nji martda Lebapdaky habarçylarymyz Moskwadaky hüjümden soň, sebitiň metjitlerine gözegçiligiň güýçlendirilendigini habar berdiler.
“Kanun goraýjylar tarawa namazy gutaran badyna, dessine adamlary kowup başlaýarlar. Sakgaly has ösgün raýatlaryň kanun goraýjylar tarapyndan gyra çekilip, soraga çekilýändiklerine şaýat bolduk. Bu raýatlaryň soňky ykbalynyň näme bolandygyny bilmeýäris” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde aýdypdy.
Ýerli häkimiýetler bu çäreleriniň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş ýa maglumat bermän gelýärler. Ýöne polisiýa işgärleriniň birnäçesi bularyň Moskwanyň eteginde bolup geçen ýaragly hüjüm bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
“Hüjümden soňra polisiýa işgärleri güýçlendirilen iş tertibinde işlemeli edildi” diýip, ýerli polisiýa işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň beripdi.
22-nji martda Moskwanyň Krasnogorsk şäheriniň “Krokus siti holl” konsert zalynda asuda adamlara garşy guralan ýaragly hüjümde azyndan 137 adam ölüp, 180 adam ýaralandy.
Çeşmelerimiz Türkmenabadyň metjidiniň ymamynyň hüjüm barada kelam agyz söz aýtmandygyny, ýöne bu ýere baran jemagaty “prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyny goldamaga çagyrandygyny” aýdýarlar.
Bu aralykda, Lebabyň bilim pudagyndaky ygtybarly bir çeşmämiz namaz okaýan oglanlaryň üç arka maglumatlaryny welaýat Baş bilim müdirligine geçirmek barada orta mekdepleriň müdirlerine gizlin buýrugyň berlendigini habar berýär.
“Resmi däl buýrugyň çäginde 15-18 ýaşly oglanlaryň arasynda namaz okaýanlaryň üç arka maglumatlary ýygnalýar” diýip, çeşmämiz belledi.
Azatlyk bu barada welaýat Baş bilim müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Ilatynyň aglaba bölegi Yslam dinine uýýan, ýöne dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde tankyt edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.