Lebapda gümrük we migrasiýa işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

Lebapda gümrük we migrasiýa işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

25-nji ýanwarda Lebap welaýat merkezi Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň ugrunda gümrük we migrasiýa işgärleri üçin gurlan täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük we Döwlet migrasiýa gulluklarynyň sebitdäki işgärleriniň 48-si şol jaýlardan döwrebap öýleriň açarlaryny aldylar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, welaýat gümrükhanasynyň we migrasiýa işgärlerine niýetlenen täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleri 3 we 4 otagdan ybarat. Gümrükçilere niýetlenen jaýyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Gaýratly dost hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Migrasiýaçylaryň göçüp gelen ýaşaýyş jaýy bolsa Mizemez gadam hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Ýene degişli makalalar

НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Lebap welaýatynda täze jaýlaryň açylyşy boldy
BIZI ÝAT EÝLESIN DEŇ-DUŞLARYMYZ, ILIM-MENIŇ
Türkmenabatda bankomat sany azaldy, nobatlar köpeldi
“Magtymguly-türkmen edebiýatynyň şamçyragy”
Türkmen oba hojalyk instituty Açyk gapylar günlerini geçirýär