Lebapda gaz we elektrik üpjünçiligi bökdedi, ilat ýylynmakda kynçylyk çekdi

Lebapda gaz we elektrik üpjünçiligi bökdedi, ilat ýylynmakda kynçylyk çekdi

Gyş paslynyň ýagynly we aýazly şu günlerinde Lebapda ilatyň elektrik we gaz üpjünçiliginde ýene bökdençlikler emele geldi. Bu ýagdaýyň ilatyň gündelik durmuşyna ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“24-nji fewralda gar ýagandan soň, tutuş welaýatda tok yzygiderli öçüp ýandy. Şol güni Çärjew we Saýat etraplarynda tok kesilenden 5 sagat soň üpjünçilik gaýtadan dikeldildi” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Soňky birnäçe günüň dowamynda ýurduň ençeme sebitinde, şol sanda paýtagtda we Balkan, Mary welaýatlarynda gar ýagdy. Aşgabatdan we Awazadan gelip gowşan suratlarda gar bilen örtülen agaçlary, binalary we düz meýdanlary synlasa bolýar.

Ýagynly howada elektrik üpjünçiliginiň kesilip durmagy ilatyň gündelik durmuşyny bökdedi, öý ýylytmak we nahar bişirmek meselesinde kynçylyk ýüze çykdy.

Jaýlaryň içi juda sowady

“Ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş ulgamlary, adatça bolşy ýaly, kadaly işlemeýär. Köp adam jaýlary ýylytmak üçin elektrik peçlerinden peýdalanýandygy üçin, şol güni bu peçleri ençeme sagatlap işledip bilmediler. Öýleriň içi juda sowady. Käbir adamlar bolsa, elektrik bolmansoň, öýjükli telefonlaryny goňşularynyň generatory bilen zarýadlamaly boldular” diýip, çärjewli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Şol güni Çärjewde we Saýatda, hususan-da, etraplaryň obalarynda gaz üpjünçiligi hem juda ýaramazlaşdy. Oba ýaşaýjylarynyň köpüsi odun ýakyp, ojakda nahar bişirmeli boldy.

Lebaply ýaşaýjylaryň ençemesi soňky hepdelerde welaýatyň çar tarapynda ýaşaýjylaryň elektrik, gaz we suw üpjünçiliginiň her hepdede birnäçe gezek we uzak wagtlap kesilýändigini hem aýdýar.

"Birnäçe sagatdan düzeler"

“Häkimiýetlere edilýän arz-şikaýatlar netije bermeýär. Gaz, suw, tok edaralary “birnäçe sagatdan düzeler” ýa-da “ýokardan goýberilýän mukdar şu, biz hiç zat edip bilmeýäris” diýip, başdansowma jogap berýärler” diýip, saýatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň elektrik, gaz we suw üpjünçilik edaralaryndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmen hökümetiniň iş maslahatlarynda welaýat häkimleri ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada yzygiderli hasabat berýärler.

Bu mesele soňky gezek Ministrler Kabinetiniň 17-nji fewralda geçirilen mejlisinde gozgaldy. Ýöne mejlisde ýurt raýatlarynyň, şol sanda paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň gaz, suw we elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikleri barada hiç zat aýdylmady.

Täze şertnama

Azatlygyň ýurduň dürli welaýatlaryndaky we paýtagtyndaky habarçylary bu bökdençlikler barada güýz paslyndan bäri yzly-yzyna maglumat berýärler.

Bu bökdençlikleriň arasynda, ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri türkmen tebigy gazynyň eksporty üçin täze şertnama gol goýdy.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki geçirijileri dolandyrýan BOTAŞ firmasy bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” konserni arasynda şu aýyň başynda baglaşylan şertnama 1-nji martda güýje girýär we Eýranyň üsti bilen 1,3 milliard kubmetr türkmen gazynyň akdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Türkmenabatda ýagyş zerarly agyz suw we lagym turbalary sandan çykdy
Dynç günleri teatrlarda görkeziljek sahnalardyr konsertler
Marynyň obalaryny, şäherlerini zeý suwlary sebäpli şor basýar
Aşgabadyň köçe süpürijileri iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur edilýärler
Türkmenbaşy, Balkanabat we Serhetabat şäherlerine suw-sil geldi