Lebapda gaz, elektrik we suw ölçeýjiler barlanýar, ulanyş möhleti geçen gurallar üçin jerime salynýar

Lebapda gaz, elektrik we suw ölçeýjiler barlanýar, ulanyş möhleti geçen gurallar üçin jerime salynýar

Lebabyň häkimiýetleri elektrik, gaz we suw ölçeýji gurallary barlamak boýunça gözegçilik işlerini güýçlendirdiler. Şu günler Türkmenabat şäheriniň elektrik, gaz we suw üpjünçilik edaralarynyň işgärleri öýlere aýlanyp, hasaplaýjy gurallary barlaýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Tok, gaz we suw edaralarynyň işgärleri ulanyş möhleti tamamlanyp barýan ölçeýjileriň eýelerine 10 gün möhlet berýärler. Olar ýaşaýjylara şu wagt möhletiniň dowamynda hasaplaýjylaryny “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugynyň ýerli edarasynda barlagdan geçirmediklere jerime salynjakdygyny duýdurýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ulanyş möhleti tamamlanan elektrik, gaz we suw ölçeýji gurallaryň eýelerine bolsa, 500 manat töwereginde pul jerimesi salynýar.

“Bu jerimelere sezewar bolýanlaryň aglabasy ýeke ýaşaýan pensionerlerdir. Ölçeýji guralynyň ulanyş möhletiniň gutarandygyndan habarsyz pensionerler tas bir aýlyk pensiýasyny jerimä geçirmeli bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozal ilata mugt berlen tok, gaz we suw ýaly ýeňillikler tölegli edildi.

Şondan bäri häkimiýetler gaz, elektrik we suw hasaplaýjy gurallaryň talaba laýyk oturdylyşyna, işleýşine we hojalyk hyzmatlarynyň tölegleriniň öz wagtynda geçirilişine yzygiderli gözegçilik edýärler.

Türkmenabatly ýaşaýjylaryň ençemesi gurallaryň ulanyş möhletiniň tamamlanmagynyň köplenç hasaplaýjylary barlagdan geçirmek işiniň juda muşakgatly we aşa köp çykdajyly bolmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Gaz edarasyna baryp, 30 manat töläp, başlygyň adyna ýörite arza ýazmaly.Arzada ýaşaýan ýeriňdäki ölçeýjini aýryp, barlagdan geçenden soňra-da gaýtadan oturdyp bermegi soraýarsyň.Ondan soňra-da ýaşaýan ýeriňe berkidilen, gaza gözegçilik edýän inspektora telefon edip, ölçeýjini söküp bermegi soraýarsyň. Ýöne oňa günde birnäçe gezek jaň edip, ony gyssap dursaň-da, onuň guraly söküp bermegi bir hepdä çenli çekýär” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Ol bu işiň mundan soň hem tamamlanmaýandygyny, raýatlaryň ölçeýji gurallary “Türkmendöwletstandartlarynyň” ýerli edarasyna alyp gidýändigini we 45 manat töleg geçirenden soň, ýene bir hepde garaşýandygyny aýdýar.

“Raýat bir hepdeden soň ölçeýjini baryp alýar. Soňra raýat ýaňky inspektora ýene bir hepde garaşmaly bolýar. Suw we elektrik ölçeýjileri çalyşmak üçin hem şuňa meňzeş görgüleri başdan geçirip, çykdajy etmeli bolýar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Ol elektrik, suw we gaz ölçeýji gurallary barlagdan geçirmek üçin umumy çykdajynyň 350 manada çenli ýetýändigini aýdyp, giň ýaýran işsizligiň we azyklaryň gymmatçylygynyň arasynda, bu serişdäniň köp hojalygyň 10 günlük maşgala býujetidigini belleýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli gaz, elektrik we suw üpjünçilik edaralaryndan, şeýle-de “Türkmendöwletstandartlarynyň” ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti mundan bäş ýyl gowrak ozal ýurtda elektrigi, gazy we suwy tölegli edende, munuň sebäbini ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen düşündirdi.

Ýöne ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda girizilen tölegler köp sanly eli ýuka hojalyga goşmaça agram saldy.

Soňky ýyllarda ýurtda bu tölegleri töläp bilmeýän, gaz, elektrik we suw hasaplaýjy gurallary täzeläp bilmeýän hojalyklaryň köpdügi barada habarlarymyz ýygy-ýygydan maglumat berýärler.

Şu ýylyň başynda habarçylarymyz Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimiýetleriniň ilatdan sarp edilen gazyň töleglerini almak işine polisiýany çekip başlandygyny habar berdiler.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada aç-açan habar berip, ilatyň töleg geçirmekdäki we gurallary täzelemekdäki kynçylyklary hem-de munuň mümkin sebäpleri barada mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda elektrik ölçeýjiler barlanýar, ulanyş möhleti geçen gurallar üçin jerime salynýar
Türkmenistanyň prezidenti birnäçe ministri wezipesinden boşatdy
Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy Balkanabadyň durmuş düzüminiň üstüni ýetirer