Lebapda eklenç aladasynda öz ganyny satýan raýatlar köpelýär

Lebapda eklenç aladasynda öz ganyny satýan raýatlar köpelýär

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Lebap welaýatynda eklenç aladasynda öz ganyny tabşyryp, gazanç edýän raýatlaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.

Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna anonim şertde maglumat beren saglyk işgärleri gan donorlarynyň tas ählisiniň işsiz we hiç bir ýerden maddy girdejisi bolmadyk ýaş lebaplylardygyny aýdýarlar.

“Eli ýuka lebaplylar Türkmenabat şäherindäki gan bankyna gan tabşyrmak bilen, nagt görnüşinde pul, şeker we käbir beýleki möhüm azyk önümlerini alýarlar. Soňky aýlarda bu raýatlaryň sany barha köpeldi” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply saglyk işgäri aýtdy.

Saglyk işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, gazanjyň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň arasynda esasan şäheriň Derýaçylar, Demirýolçylar we Himikler köşgi etrapçalarynyň, şeýle-de Saýat we Çärjew etraplarynyň ýaşaýjylary bar.

“Bu raýatlaryň sany örän köp bolup, olar işsiz hojalyklardyr.Meniň gözegçilik edýän etrabymda bu hojalyklaryň aglabasy köne daçalarda ýaşaýar.Olar dilegçilik etmek, zir-zibil dörüp, plastik we çüýşe gaplary ýygnamak işleri bilen meşgullanýarlar. Şeýle-de, olar her aýda ýa-da her 1,5 aýda bir gezek gan bankyna gan tabşyrmaklyk bilen hem gazanç edýärler” diýip, Derýaçylar etrabyndaky 4-nji şäher saglyk öýüniň bir maşgala lukmany gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, köplenç bir maşgaladan iki ýa-da üç adam gan tabşyrýar. Mundan gelýän girdeji maşgalany bir aýlap eklemäge ýetmese-de, birnäçe hepdelik azyk zerurlygyny üpjün edýär.

“Esasan 3-nji we 4-nji topar gan ýetmezçilik edýär. Meniň gözegçilik edýän sebitimde bir maşgalada 3 sany 4-nji topar ganlylar bar we olar gan bankynda ideal donor hasaplanýarlar. Raýatlardan her gezekde iň köp möçberde 500 millilitr gan alynýar“ diýip, Himikler köşgi etrapçasyndaky 1-nji şäher saglyk öýüniň bir maşgala lukmany gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda saglyk resmilerinden teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, habarçylarymyz gan üçin tölenýän puluň möçberini anyklamaga synanyşýarlar.

Türkmenistanda ýedi ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ilat giň ýaýran işsizlik, harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Bu faktorlaryň arasynda, soňky onýyllykda iş gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlar köpelýär. Türkmenistandan çykyp bilmedik ýaşaýjylaryň arasynda agyr işlerde işlemäge ýa-da dilegçilik etmäge, zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň sany hem artýar.

Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlaryň durmuş goraglylygyny, işsizleriň işsizlik boýunça kömek puly bilen üpjün edilmegini kepillendirýär. Ýöne türkmenistanlylaryň ençemesi özleriniň bu kepillikden peýdalanýan raýatlara duş gelmändiklerini aýdyp gelýär.

Türkmen hökümeti ýurtdaky işsizligiň hakyky derejesini görkezýän anyk statistikany mälim etmeýär. Şeýle-de, hökümet ykdysady kynçylyklary we onuň ýol açan netijelerini hem aç-açan boýun almaýar.

Azatlyk soňky ýyllarda ýurtda medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmagyň soralýandygy, aliment bergisi bolanlaryň gan tabşyrmaga mejbur edilýändigi barada hem habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda ýagyş zerarly agyz suw we lagym turbalary sandan çykdy
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Arkadaga gatnajak otly ilatyň 'demirýol, otly ýarasyny açdy'
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Amyderýadan balyk tutmaga girizilen 'gadaganlyk' balyk bahasyny gymmatladýar
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär