Lebapda dynç güni ýowar geçirildi

Lebapda dynç güni ýowar geçirildi

24-nji dekabrda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde şäher häkimliginiň tabşyrygy bilen köpçülikleýin ýowarlar geçirildi. Şäherde geçirilen arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine edara—kärhanalaryň işgärleri mejbury çekildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

“Şäher häkimligi 24-nji dekabrda, dynç güni bolandygyna garamazdan, ähli edara-kärhanalarda ýowar yglan etdi. Işgärler ahli edara-kärhanalarda ýowar geçirýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýekşenbe güni habar berdi.

Köpçülikleýin ýowarlar sebitde býujet işgärleriniň pagta möwsümine çekilmeginiň bes edilmeginiň yz ýany, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

Şäheriň iri köçeleriniň, şa ýollarynyň ugrunda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Ýowara gatnaşyjylar Türkmenabat Halkara howa menziline barýan Arkadag köçesiniň ýol kenarlaryny guran ot-çöplerden arassalaýarlar. Ýygnalan çöp-çalamlar ýoluň gyrasyna üýşürilýär we ýakylýar.

Edara-kärhanalaryň ýerleşýän çäklerinde hem köpçülikleýin arassaçylyk işleri alnyp barylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilim, saglyk, medeniýet we transport pudagynyň işgärleriniň, şol sanda mugallymlaryň, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, saglyk işgärleriniň, kitaphana we muzeý işgärleriniň köpçülikleýin ýowarlara çekilýändiklerini habar berýär. Demir ýol we howa mezillerinde hem köpçülikleýin arassaçylyk işleri geçirilýär.

Bu çäreler diňe bir welaýat merkezi bilen çäklenmeýär. Gündogar sebitdäki ençeme daýhan birleşiklerinde oba ýerlerinde hem ekerançylyk meýdanlarynyň gyralary guran gamyşlardan, ot-çöplerden arassalanýar.

“Gowaça meýdanlarynyň, şalydan boşan ýerleriň hem-de bugdaý meýdanlarynyň daş-töweregindäki haşal otlar, guran gamyşlar orulýar, çapylýar, toplanýar we ýakylýar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu çäreden bir gün ozal, 23-nji dekabrda gündogar sebitlerde ýene-de tozanly howa bolupdyr. Ýerli ýaşaýjylar şenbe güni sebitde güýçli şemal öwsüp, howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň köpelendigini, dem almagyň kynlaşandygyny habar berýärler. Bu howa hadysasy sebit merkezinde we ýanaşyk etraplarda howanyň hilini pes gaçyrdy.

“Tozanly howanyň yz ýany, ähli edara-kärhanalaryň işgärleri köpçülikleýin arassaçylyk işlerine çekildi” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Güýz paslynyň dowamynda, oktýabr we noýabr aýlarynda gündogar sebitlerde çägeli harasatlar köpeldi. Ýerli ýaşaýjylar tozanly ýeliň köplenç ýurduň günorta çäklerinden uç alýandygyny aýdýarlar.

Lebap welaýatynda bu ýyl pagta möwsümini, ilkibaşda, 12-nji dekabrda tamamlamak meýilleşdirdi. Muňa garamazdan, sebitde pagta borçnamasynyň doly ýerine ýetirilmezligi bilen baglylykda, ýygym möwsüminiň möhletiniň 17-nji dekabra çenli uzaldylýandygy häkimiýetler tarapyndan yglan edildi.

Pagta möwsümi sebitde, ahyrsoňy, 15-nji dekabrda tamamlanypdyr, býujet işgärleriniň ýygym işlerine çekilmegi bes edilipdir. Ýöne kärendeçi daýhanlaryň arasynda heniz-de ýygym işlerini dowam etdirýän, hakyna ýygymçy tutýan ýer eýeleri bar.

Bu sebitde sentýabryň ortalalarynda býujet işgärleriniň aglaba böleginiň mejbury pagta möwsümine çekilmegi wagtlaýyn bes edildi. 15-nji sentýabr 28-nji sentýabr aralygynda öz güýjünde galan arakesme bilim edaralarynyň işgärlerine degişli bolmady.

18-nji dekabrda welaýat häkimleri bilen geçirilen ýokary derejeli iş maslahatynyň dowamynda, şu günler Lebap welaýatynda, beýleki käbir möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň alnyp barylýandygy hasabat berildi. Sebitde pagta borçnamasynyň doly ýerine ýetirilip-ýetirilmändigi mälim edilmedi.

Türkmenistanda býujet işgärleri köpçülikleýin bag ekmek dabaralary bilen bir hatarda wagtal-wagtal ýowarlara, köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine çekilýärler.

Hususan-da, döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere amala aşyrýan iş saparlarynyň öňüsyrasynda sebit merkezlerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň depgini güýçlenýär, howa menzillerine barýan iri köçeler timarlanýar.

Azatlyk Radiosy gündogar sebitde alnyp barylýan köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri barada sebit resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda her bir döwlet edarasynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbi çäklendirilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar
Galla oragy möwsüminde 2 müň 64 sany däne ýygýan kombaýn işlediler
Samsung täze eplenýän smartfon oýlap tapdy
Daşoguzly telekeçi zenan 434 gektar ýerden 8 müň tonna golaý ýeralma aldy