Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär

Lebapda dizel ýangyjy diňe gündiz satylýar, gije ýük ulaglarynyň nobaty döreýär

Awtoulag ýangyjyny öndürip, satýan Türkmenistanda dizel söwdasynda ýene bökdençlikler döredi. Mary-Türkmenabat gara ýolunuň ugrunda ýangyjyň diňe gündizlerine satylmagy agyr ýük daşaýan awtoulaglaryň gatnawyny bökdeýär we olaryň ýene-de kerwen bolup, üýşüp durmagyna getirýär.

Lebap welaýatynyň Farap etrabyna barýan Mary-Türkmenabat gara ýolundaky ýangyç beketlerinde dizel diňe gündizlerine satylýar.

Türkmen-özbek serhedine barýan ýol ugurdaky bu ýagdaý barada Azatlygyň habarçysy 15-nji fewralda maglumat berdi: "Lebap welaýatynyň çäginden geçip gidýän daşary ýurtly ýük awtoulaglary dizel ýangyjyny guýmakda kynçylyk çekýärler. Mary -Türkmenabat gara ýolundan tä Farap gümrügine çenli üç ýerde ýangyç bekedi bar, şolarda diňe gündizine solýarka satylýar, gijelerine bolmaýar".

Dizel ýangyjynyň esasy hyrydarlarynyň arasynda daşary ýurtlardan ýük daşap, Türkmenistanyň giňişliginden geçýän we ýurduň öz içinde hereket edýän agyr awtoulaglar bar. Dizeliň diňe gündizki sagatlarda satylmagy olaryň işine uly täsir ýetirýär.

Ýangyjy gutaryp, gijelerine garaşmaly bolýan ýük ulaglarynyň uly kerwenleri ýollaryň gyralarynda we ýangyç beketleriniň golaýynda emele gelýär.

"Gije bu awtoprisepler gara ýoluň ugrunda, daň atyp, irden 9:00-lara dizel beketlere gelýänçä nobat boýunça uzap durýarlar. Her gün ýagdaý şeýle" diýip habarçymyz aýdýar.

Bu aralykda şäherleriň ýangyç beketlerinde ýerli awtoulaglara dizel ýangyjy satylýar. Nobatlar dörese-de uly bolmaýar, emma her awtoulaga 100 litrden köp satylmaýar. Bu barada habar berýän habarçynyň sözlerine görä, dizel ýangyjy ýaňy-ýakynda arzanlapdyr.

Öň bir litri 1,7 manada satylan dizeliň häzirki bahasy 1 litri 1 manada durýar. Emma ýangyjyň arzanlamagy bilen onuň hili hem üýtgäpdir.

"Köp sürüji solýarkanyň arzanlanyna başda gaty begenipdi. Emma dizel ýangyjynyň hili hem dessine üýtgedi. Awtoulagyň tartyşy gowşady, tüsse çykarýan turbadan ak tüsse köpeldi. Turbalar günaşadan dykylýar, filtrlerde ak suwuklyk toplanýar. Bu nasosy hem zaýalaýar" diýip, türkmenabatly sürüji gürrüň berdi.

Awtoulaglar üçin ýangyç gytçylygy ýurtda ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Dizeliň wagtal-wagtal gytalmagy we tas satuwdan aýrylmagy barada güýzden bäri yzygiderli habar berilýär.

Soňky gytçylyk barada fewralyň başynda habar berilipdi. Habarçylar şonda tutuş Lebap welaýatynda dizeliň tapdyrmaýandygyny, ýerli sürüjilere örän çäkli möçberde satylýandygyny mälim edipdi.

Şonda ýerli hünärmenler dizel gytçylygynyň ýangyja hyrydaryň köpelýän wagtynda onuň satuwda çäkli möçberde satylmagy bilen baglydygyny aýdypdy.

Türkmenabatda nebiti gaýtadan işleýän kärhananyň wekili Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda her aý her bir welaýata deň möçberlerde ýangyç paýlanyp berilýändigini belläp, gündogar we günorta-gündogar sebitlerden üstaşyr geçýän halkara ýük ulaglarynyň serhet ýakasynda ýerleşýän ýangyç beketlerine paýlanyp berilýän ýangyjyň ep-esli bölegini satyn alýandygyny we çäkli möçberli bu ýangyjyň tiz gutarýandygyny aýdýarlar.

Nebit serişdelerini öndürip, satýan ýurduň hökümeti awtoulag ýangyjynyň dowamly içerki gytçylygynyň sebäplerini resmi derejede düşündirmän gelýärler. Şol bir wagtda hökümet nebit eksportuny artdyrmak we öz giňişliginde halkara ýük gatnawyny ösdürmek planlaryny yglan edýär.

Resmi hasabatlara görä, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň dowamynda jemi 4.994 million tonna çig nebit işlenipdir we ýurduň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň diňe birinde 429 müň tonna dizel öndürilipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda dizel gytçylygy ýitileşýär, häkimiýetler çäkli üpjünçiligi ýola goýýar
Maryda gowaça meýdanlarynyň sürüm işlerine bölünip berilýän dizel ýangyjy 'eden-etdilikli paýlanýar'
Forsaž 10-na Jastin Liniň deregine Lui Leterýe režissýorlyk eder
Forsaž-10-yň birinji bölümi surata düşürilip başlandy
“Forsaž” filminiň 10-njy bölümi surata düşürilip başlandy
Win Dizel Forsaž 10 filminiň surata düşüriljek ýerlerini mälim etdi