Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynda azyk harytlarynyň hem-de egin-eşikleriň bahalary duýdansyz ýokarlandy. Telekeçiler bu ýagdaýa import çykdajylarynyň, şol sanda logistika meseleleriniň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Sebitde Gurban baýramyndan ozal bir kilogramy 48 manat bolan sygyr etiniň bahasy, dynç alyşdan soňra 65 manada çenli ýokarlandy. Şekeriň bir kilogramynyň bahasy iki esse ýokarlanyp, 10 manatdan 20 manada, ortaça balygyň bir kilesi 60 manatdan 75 manada, sarymsagyň bahasy 15 manatdan 40 manada çenli gymmatlady.
Türkmenabadyň şäher häkimligindäki bir çeşme nyrh durnuksyzlygyny içerki bazarlaryň import harytlaryna garaşlylygy bilen düşündirýär.
“Şöhlat önümleriniň aglabasy diýen ýaly Russiýadan gelýär. Gök-bakja önümleri, miweler, şol sanda kakadylan miweler Özbegistandan getirilýär. Ulag çykdajylarynyň ýokarlanmagy we logistika bilen baglanyşykly beýleki çykdajylar hökmany suratda sarp edijileriň bahalaryna öz täsirini ýetirýär” diýip, şäher häkimligindäki çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan satyjylar ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçandygyny aýdýarlar.
Ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi ykdysady kynçylyklaryň arasynda özleriniň söwda nokatlarynda yglan edilýän arzanladyşlara has köp gyzyklanma bildirýändiklerini aýdýarlar.
Käbir gök-bakja önümleriniň we miweleriň ýetişýän döwründe bazarlarda emele gelen gymmatçylyk ýerli ýaşaýjylary lapykeç edýär.
“Mysal üçin, üljäniň bahasy 85 %, erigiň bahasy bolsa, 120 % ýokarlandy” diýip, Çärjew etrabynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.
“Öňler hoz satyn alardyk, indi bir kilogram hozuň bahasy 350 manada çenli ýokarlandy. Bu biziň üçin gymmat bolýar” diýip, Türkmenabat şäheriniň Bahar etrapçasynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.
Sebit ýaşaýjylary emele gelen gymmatçylyk şertlerinde adaty durmuş derejesini saklamagyň kynlaşandygyny aýdýarlar.
Tekstil önümleriniň, şol sanda egin-eşikleriň bahalary hem gymmatlaýan mahaly, söwda işleri bilen meşgullanýan telekeçiler ýokarlanýan bahalary import çykdajylary bilen düşündirýärler.
“Men eşikleriň aglaba bölegini Özbegistandan getirýärin. Soňky döwürde Türkiýeden eşik getirmeklik agyrlaşdy. Ýokarda tanyşlary bolan iri telekçiler bazarlardaky harytlaryň bahalaryny öz bähbitlerine görä sazlaýarlar. Şonuň üçin, harytlary Özbegistandan getirmäge mejbur bolýarys” diýip, faraply bir telekeçi aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir telekeçi hem bu ýagdaýlary tassyklap şeýle diýdi:
“Häzir benzin gytçylygyny bahana edýärler. Transport çykdajylary ýokarlanýan mahaly, satyjylar hem bahalary ýokarlandyrmaga mejbur bolýarlar. Bu bolsa sarp edijilere oňaýsyz täsir edýär” diýip, saýatly bir telekeçi aýtdy.
Türkmenabat şäheriniň bir ýaşaýjysy öňler özüniň her möwsümde täze-täze eşikleri satyn almaga mümkinçiliginiň bolandygyny, ýöne häzir bolsa, ýokarlanýan bahalar sebäpli, egin-eşik çykdajylaryny kemeltmeli bolandygyny aýdýar.
“Men çagalar bagynda aşpez bolup işleýärin. Aýlygym hiç zada ýetenok. Eşikleriň bahalary hem iýun aýynda ep-esli ýokarlandy” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.
Satyjylar Özbegistandan Lebap welaýatyna tekstil önümlerini getirmegiň aňsatlaşandygyny, ýöne muňa garamazdan, bazarlarda bahalaryň peselmeýändigini aýdýarlar.
Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli ykdysatçy dowam edýän meýilleri seljerip şeýle diýdi: “Esasy iýmit önümleriniň we egin-eşik çykdajylarynyň ýokarlanmagy adamlary çykdajylary azaltmaga we öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin alternatiw çözgütleri gözlemäge iterýär” diýip, ýerli ykdysatçy aýtdy.
Alternatiw çözgütleriň hatarynda ýerli sarp edijiler arzanladyş kampaniýalaryna ýykgyn edýärler, ýa-da ozalky sarp ediş endiklerinden el çekmeli bolýarlar.
Käbir ýaşaýjylar täze şertlere uýgunlaşmaga çalyşýar, beýlekiler bolsa dowam edýän durmuş kynçylyklaryna syn edip, geljege aladaly garaýarlar.
Azatlyk Radiosy gündogar sebitde bahalaryň duýdansyz ýokarlanmagy boýunça söwda edaralaryndan resmi teswir alyp bilmeýär.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri, şol sanda elektron neşirler bazarlarda emele gelen gymmatçylyk barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.