Lebap welaýatynyň üç etrabynyň şalyçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny amal etdiler

Lebap welaýatynyň üç etrabynyň şalyçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny amal etdiler

Lebap welaýatynyň üç etrabynyň daýhanlary şaly hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamany amal etdiler. Has takygy, Köýtendag, Kerki we Darganata etraplarynyň şalyçylary sebitde ilkinjiler bolup, arzyly pellehana geldiler. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Şu ýyl gündogar sebit boýunça 10 müň 200 gektar ýerden 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Welaýatyň beýleki etraplary hem şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirmegiň bosagasynda dur diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanda şaly, esasan, ýurduň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ekilýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmedi
Nebit önümleriniň eksporty ýokarlanýan mahaly, ýurt içinde benzin gytçylygy saklanýar
Lebapda we Aşgabadyň käbir etraplarynda internet birnäçe sagatlap bökdençis işledi
Lebabyň mekdeplerinde tapdyrmaýan kitaplar bazarlarda aç-açan satylýar
Lebabyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň synaglara gatnaşygy pes boldy
Lebap welaýatynda tutulan derýa balyklarynyň möçberi artdy
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler