Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk önümleriniň öndürilişini artdyrdylar

Lebap welaýatynyň telekeçileri azyk önümleriniň öndürilişini artdyrdylar

Lebap welaýatynyň hususy önüm öndürijileri şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda etiň, ýumurtganyň we süýdüň öndürilişini artdyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Welaýatyň telekeçileri ýanwar-fewral aýlarynda 34 tonnadan geçirip, mal etini (diri agramda) sarp edijilere ugratdylar. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarydyr.

Dänew etrabynda ýerleşýän “Bereketli jaý” hususy kärhanasynda öndürilen etiň mukdary 2,2 tonna barabar boldy. Telekeçi Sergeý Kulýapin bolsa söwda nokatlaryna bu azyklyk harydyň 5,2 tonnasyny ugratdy. Telekeçi Jorakuly Hemraýewiň öndüren önümi bolsa 1,7 tonna barabar boldy.

Geçen aýlarda Lebap welaýatynyň hususy önüm öndürijilerine degişli towuk fermalarynda 1 million 934 müňden geçirilip, ýumurtga öndürildi. “Eşret” daýhan hojalygynyň towuk fermasynda 2023-nji ýylyň iki aýynda ýumurtganyň 1 million 36,8 müň sanysy öndürildi.

Şeýle hem telekeçi Bagtyýar Açylow şu döwürde 565,6 müň sany ýumurtgany söwda nokatlaryna ugratdy. “Ýunus daýhan” daýhan hojalygynda idedilýän towuklardan bolsa 226,4 müň sany ýumurtga alyndy.

Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň telekeçileri 2023-nji ýylyň geçen iki aýynda 302,5 tonna süýt öndürdiler. “Bereketli jaý” hususy kärhanasynyň maldarlary şu döwürde 54 tonnadan gowrak süýdi alyjylara ugratdylar.

Işini Çärjew etrabynda alyp barýan telekeçi Bagtyýar Seýidow bolsa bu önümiň 30 tonnasy öndürdi. Şu etrapdan Patma Jumaýewa idedýän sygyrlaryndan 20 tonna, Täji Täjiýew 18,6 tonna süýt öndürdiler.

Lebap welaýatynyň telekeçileriniň süýdüň bir bölegini gaýtadan işläp öndüren önümleriniň möçberi 18 tonna golaý boldy.

Ýene degişli makalalar

“Güýçli Türkiýe Maksadyndan Asla Ýüz Öwürmeris”
Asylly terbiýäniň gözbaşy
Ermenistan 20-nji Iýunda Möhletinden Irki Parlament Saýlawlaryny Geçirer
Türkmen hususyýetçileri geçen ýyl eksport bazaryndaky ýerini has-da giňeltdiler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy