Lebap welaýatynyň etraplarynyň birinde polisiýa halk tebiplerinden Saglyk ministrliginden resminama almagy talap etdi

Lebap welaýatynyň etraplarynyň birinde polisiýa halk tebiplerinden Saglyk ministrliginden resminama almagy talap etdi

Türkmenistanyň diňe oba däl-de, şäher ilaty hem gaty yrymçyl. Molla-işanlardan başga-da, halk tebipleri, palçylary we porhanlary gaty meşhur. Olaryň işleri ýerli däp-dessurlar bilen jebis baglanşykly bolup,şolaryň aglabasy konserwatiw jemgyýetde örän pugta berjaý edilýär.

Ýerli häkimiýetler birnäçe gezek şeýle amallary gadagan etmäge çalyşdylar. Emma, şol tebiplere talabyň, şeýlede bularyň täsiriniň örän uludygy üçin olar öňki işlerine dolandylar.

Indi bolsa, şeýle işleri tertip-düzgüne salmak isleýärler.

“TH-niň” habarçylarynyň maglumatyna görä, şu ýylyň başlarynda Lebap welaýatynyň “Çowdur” geňeşligindäki (öňki Moskwa kolhozyndaky) tebipleriň öýlerine ýerli polisiýa aýlandy we 2-3 aýyň dowamynda saglyk hem saglyk senagaty ministrliginden resminama (lisensiýa) almalydyklaryny duýdurdy. Ýogsam bolmasa,olaryň öz işlerini togtatmalydygyny ýa-da jogapkärçilige çekiljekdiklerini polisiýa aýdypdyr.

Molla we işanlar hem şeýle resminamany almaly, ýöne olar dini guramalaryň işleri boýunça topardan almaly.

Tebipleriň almaly resminamasynyň nusgasy entek ýok. Çaklamalara görä, olar öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň derman otlary kitabyndan synag tabşyrarlar.

Hassahanalarda bejergileriň juda gymmatdygy üçin hususanda, oba ilaty öz meseleleri babatda tebiplere ýüz tutýarlar. Haçanda, tebipleriň biri aradan çyksa, onuň işlerini ogly ýa gyzy dowam etdirýär.

Bu hünäriň miras galdyrylmagy köplenç oba ilatynyň talaby boýunça edilýär.

Dini hojalar barada aýdylanda, 2000-nji ýyllaryň başlarynda metjitlerdäki medreseler we okuw merkezleri ýapylypdy. Häzir dini hünärmenleriň ýetmezçiligi bar. Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň Ylahyýet fakultetine onlarça adam kabul edilýär. Emma, bu ýetmezçilik edýär. Şol sebäpli, mollalaryň we işanlaryň aglabasy özi öwrenenler, dindarlaryň çagalary ýa-da bikanun dini toparlarda okanlar bolup durýar.

Palçylaryň we porhanlaryň resminama üçin nirä ýüz tutmalydyklaryny polisiýa aýdyp bilmeýär. Ýöne, olaryň işlerine polisiýa az gözegçilik edýär. Çünki, IIM-niň işgärleriniň aglabasy hem yrymçyl. Şol sebäpli,olar näletlenmeginden ýa gargyş’ almagyndan howatyrlanýarlar.

Palçylaryň hyzmatyndan peýdalananlaryň biriniň aýtmagyna görä, olaryň kesgitli bahasy ýok, sebäbi olar belli nyrh aýdyp bilmeýärler. Şonuň üçinde,kim göwnünden näme çykarsa berýär.Adatça, bir gezeklik seansa (üstüňden näleti aýyrtmak üçin) 1000 manat (döwlet bahadan 286 dollar, “gara bazar” bahadan 51 dollar) tölenýär.The post Lebap welaýatynyň etraplarynyň birinde polisiýa halk tebiplerinden Saglyk ministrliginden resminama almagy talap etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ezoteriki hyzmatlar rowaç alýar
Saglygym baýlygym
Aşgabadyň hususy dermanhanalarynda dermanlaryň nyrhlary görkezilmeýär
Watan başlarymyzyň täji