Ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, senagat, elektroenergetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan bölümde türkmen tarapy Lebap welaýatyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny kombinirlenen görnüşe geçirmek boýunça taslamany işläp taýýarlamak maksady bilen iş toparyny döretmegi; suw hojalygy ulgamynda öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary öndürýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin ýakyn wagtda bu kompaniýalaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirmegi; “Awtomobil tehnikalaryny üpjün etmek ugrunda ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri” atly “tegelek stol” maslahatyny guramagy teklip etdi. Ýapon wekiliýeti türkmen tarapynyň öňe süren tekliplerini goldady we olary durmuşa geçirmek üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlisiň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilelikdäki mejlisiň netijeleri boýunça Teswirnama we 7 sany resminama gol çekildi.Bu barada 21-nji dekabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. /* custom css */ .td_uid_15_67695306db4ff_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67695306db4ff_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }