Lebap welaýatynda tutulan derýa balyklarynyň möçberi artdy

Lebap welaýatynda tutulan derýa balyklarynyň möçberi artdy

Ýurduň ilatyny täze we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, Lebap welaýatynda balyk tutmak senagatyň ähmiýetli ugry hökmünde alnyp barylýar. Bu barada CentralAsia.news habar berýär.

Lebapbalyk hojalyk jemgyýetinde 165 adam işleýär. Balyklar Darganata etrabynyň Düýeboýun suw howdanlaryndan we Kerki etrabynda ýerleşýän Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy suw howdanyndan tutulýar. Ýylyň birinji ýarymynda 300 tonnadan gowrak bolan takmynan 950 müň manatlyk süýji suw balygynyň tutulandygy habar berildi. Bu 2023-nji ýyldaky netijeden has köpdür.

Täze balyk önümleri ýurduň bazarlaryna üznüksiz eltilýär. Balykçylar önümçiligi ýokarlandyrmak üçin Russiýada, Hytaýda we Ýaponiýada öndürilen gaýyklary hem häzirki zaman enjamlaryny ulanýarlar.

Çeşme: Türkmenistan Habarlar Portaly

Ýene degişli makalalar

Balykçynyň toruna dürli reňkli balyk düşdi
LAÇYNYŇ OWAZY ASMANA GALÝAR
IT- milliarderi Jek Ma fermer bolar
Bütindünýä balykçylyk güni
Ýuliýa Zaýsewa Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Hytaýda 20 ýuanyň ýüzünde keşbi şekillendirilen balykçy aradan çykdy