Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen alabaýy— edermenligiň we wepadarlygyň nusgasy atly sergi öz işine başlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna bagyşlan ajaýyp eserleriniň sergisi bilen utgaşýan baýramçylyk sergisinde many-mazmuny çeperçilik taýdan baýramçylygyň ruhuny özünde jemlän sergide lebaply suratkeşler A. Işangulyýewiň Awçy, Ş.Saparowanyň Türkmeniň guwanjy, Ý.Muhammedowanyň Çopan goşunda, heýkeltaraş M.Atajanowyň Ýaşlyk ýaly nakgaş we heýkel eserlerine uly orun berilýär.
Şeýle-de sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyz hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň Türkmen alabaýyna bagyşlap çeken suratlary görkezilýär.