Lebap welaýatynda tebigy gazyň 53 milliard kub metrlik täze ýataklary anyklanyldy

Lebap welaýatynda tebigy gazyň 53 milliard kub metrlik täze ýataklary anyklanyldy

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Malaý gaz käninde geçirilen maslahatda Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy baradaky çaklamalar öňe sürüldi. Milli Liderimiz täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdarynyň 126 milliard kub metr artmagynyň guwançly ýagdaýdygyny belledi.

― Şunça mukdaryň 53 milliard kub metri Lebap welaýatynyň çägindäki meýdançalardyr känlere degişlidir. Has takygy, Gazojak şäheriniň we Naýyp gaz käniniň ýakynynda ýerleşýän Demirgazyk derwüş meýdançasynda mawy ýangyjyň 30 milliard kub metriniň bardygy çaklanylýar. Malaý gaz käninde geçirilen täze gözlegleriň netijesinde ýene-de 23 milliard kub metrlik hazynanyň üstünden baryldy ― diýip, Türkmenistan gazeti ýazýar.

Demirgazyk derwüşdäki ilkinji guýyny burawlamak işlerine ýakyn günlerde girişiler. Bu iş Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň Ymambabanebitgazgözleg ekspedisiýasynyň burawlaýjylaryna ynanyldy. Guýynyň çuňlugy 3200 metre ýeter.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda Malaýda ýene iki guýyny burawlamaga girişmek meýilleşdirilýär. Taslama çuňlugy 4000 metre ýetýän guýulary Lebapnebitgazgözleg ekspedisiýasy burawlar.

Täze mawy ýangyçly meýdançalaryň ýüze çykarylmagy, olaryň burawlanmagy we önüm alynmagy netijesinde ýyllyk görkezijiler yzygiderli artýar.Muny Lebapgazçykaryş müdirliginde alnyp barylýan işlerde hem aýdyň görýäris.Müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow geçen ýyl meýilnamanyň 134 göterim ýerine ýetirilip, 12 milliard 401 million 104 müň 693 kub metr mawy ýangyç alnandygyny aýdýar.

Welaýatyň gazçylary degişli döwürde kondensat önümçiligini meýilnamada bellenen 43 müň 59 tonna derek 47 müň 321 tonna ýetirmegiň hötdesinden geldiler.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Agarguýy käninde täze guýularyň ikisinden önüm alyndy, täze ýylyň bosagasynda bu ýerde ýene bir guýyny burawlamak işleri tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Ýerli ýaşaýjylar köne gaz geçirijileriň täzelenmegini soraýar, gazyň basyşy pes bolmagynda galýar
Lebapda suwuklandyrylan gaz göz öňünde tutulanyndan 11 müň tonna golaý artyk eksport edildi
Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy
19.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Asyryň taslamasyna uly gyzyklanma
Çeşme: Marydaky un ýetmezçiligine Owganystana ynsanperwer kömeginiň ugradylmagy sebäp boldy