Lebap welaýatynda täze jaýlaryň açylyşy boldy

Lebap welaýatynda täze jaýlaryň açylyşy boldy

Soňky iki günüň dowamynda Türkmenabat şäherinde 72 maşgala täze jaýlara göçüp bardy. Olaryň ählisi harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maşgalalarydyr diýlip, Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

24-nji ýanwarda şäherde adalat edaralarynyň işgärleri üçin dört gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berlendigini habar beripdik. 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük we Döwlet migrasiýa gulluklarynyň gündogar sebitdäki işgärleriniň 48-si täze jaýlaryň açarlaryny aldylar.

Welaýat gümrükhanasynyň we migrasiýa işgärlerine niýetlenen täze ýaşaýyş jaýlarynyň öýleri 3 we 4 otagdan ybarat.Gümrükçilere niýetlenen jaýyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Gaýratly dost hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar.

Migrasiýaçylaryň göçüp gelen ýaşaýyş jaýy bolsa Mizemez gadam hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.Habarda bellenilişi ýaly, welaýat gümrükhanasynyň işgärleriniň 24-si Watan goragçylarynyň gününi täze jaýda garşylamak bagtyna eýe boldy.

Ýeri gelende aýtsak, gümrükçilere niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy olara berlen ikinji bir sowgadyň toýuna-da öwrüldi. Şanly senäniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna daşary ýurtlardan täze ulaglaryň 20-si gelip gowuşdy. Bu ulaglaryň milli däplere görä garşylanyş dabarasy hem jaý toýuna utgaşdy.

Gümrükçiler şanly senäniň öňüsyrasynda Toyota Fortuner kysymly ýeňil awtoulaglaryň 10-syny, Toyota Hiace kysymly kiçi awtobuslaryň 5-sini we Isuzu kysymly suw çekiji ulaglaryň 5-sini sowgat aldylar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynda 42 sany kottej jaýy açyldy
Täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi
Lebap welaýatyna täze awtobuslaryň 200-e golaýy gelip gowuşdy
2024: Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär
Maryda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi açyldy
Balkan welaýatynyň ýaşaýjylaryna täze ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat berildi