
Lebap welaýatynda şaly oragyna badalga berildi. Ähli etraplarda ýetişdirilen hasyly ýygnamaga guramaçylykly girişildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, bu ekin bugdaý oragyndan soň boşan meýdanlara ekildi. Şeýlelik bilen, daýhanlar toprak-howa şertlerinde netijeli peýdalanýarlar.
Welaýat boýunça 10 müň 200 gektar meýdanda gowy hasyl ýetişdirildi. Etraplaryň ählisinde şalynyň Nukus-2 görnüşi ekildi. Şu möwsümde kärendeçiler 46 müň 700 tonna hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler.