Lebap welaýatynda mekdep-internatlaryň 396-synda jemleýji döwlet synaglaryna taýýarlanylýar

Lebap welaýatynda mekdep-internatlaryň 396-synda jemleýji döwlet synaglaryna taýýarlanylýar

Lebap welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde hereket edýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 396-synda jemleýji döwlet synaglaryna taýýarlykly gelindi.

Şu ýyl Lebap welaýaty boýunça ýaşlaryň 20662-si orta mekdebi tamamlaýar. Uçurymlar orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizilen ene dili we edebiýat, jemgyýeti öwreniş, algebra we analiziň başlangyçlary derslerinden synaglary tabşyrarlar.

Şeýle-de orta mekdepleri tamamlaýan ýaşlar ynsanperwerlik-durmuş bilimleri, takyk we tebigy ugurly okuw derslerinden hem bir synag tabşyrmaly bolarlar.

Edil häzirki günlerde bolsa Lebap welaýatyndaky orta mekdeplerde synpdan synpa geçiriş synaglary dowam edýär. Bilimli-sowatly, giň gözýetimli ýaşlar şol synaglarda ähli dersler boýunça ýokary bahalara mynasyp bolýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýurduň ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan ýaşlar hem tomsuň ilkinji gününde jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmaklyga girişerler. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda-da bu möhüm işi ýokary derejede guramak maksady bilen irgözinden taýýarlyk görüldi. Ýurduň bilim-terbiýeçilik edaralary üçin hünärmenleri taýýarlaýan institutda hünärleriň 16-sy boýunça talyplaryň 5000-den gowragy okadylýar.

2024-nji ýylda ýaşlaryň 854-si bu baýry bilim ojagyndan uçurym bolýar. Geljekki bilim işgärleri okan döwründe bilimleri çuňňur özleşdirdiler, saýlap alan hünärinde kämilleşdiler, tejribesini baýlaşdyrdylar. Indi olaryň öňünde jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrmak wezipesi dur diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzda “Soňky jaň” we Aşgabat...
Ýurdumyzda “Soňky jaň” we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Soňky jaň dabarasy mynasybetli Gutlagyny ýollady
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy