Lebap welaýatynda köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine täze öýleriň açarlary gowşuryldy

Lebap welaýatynda köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine täze öýleriň açarlary gowşuryldy

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de üçüsi açylyp ulanmaga berildi.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda gurlan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň her biri 24 öýden ybarat. Şähergurluşyk we hyzmat hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy täze jaýlaryň baş potratçysy boldy.

Rowaçly pursat we Höwesli ugur hususy kärhanalarynyň işçi-hünärmenleri gurluşyk işlerinde bu kärhana ýakyndan ýardam berdiler diýlip, habarda bellenilýär. 72 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açylyş dabaralaryna şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda hem şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda täze jaýlaryň üçüsi açylyp, olara harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň 172-siniň maşgalalary göçüp barypdylar. Indi bu köçäniň ugrunda täze açylan jaýlaryň sany 6-a ýetdi.

Lebap welaýatynda köp çagaly maşgalalaryň hem birnäçesine täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Şeýle dabaralar Türkmenabat şäherinde we Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Reňkleri dillendiren ussat
Türkmenabatda bankomat sany azaldy, nobatlar köpeldi
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler
Akyldaryň okan mekdebi
“Magtymguly-türkmen edebiýatynyň şamçyragy”
Türkmen oba hojalyk instituty Açyk gapylar günlerini geçirýär