Lebap welaýatynda kazyýet işgärleri üçin edara binasy ulanylmaga berildi

Lebap welaýatynda kazyýet işgärleri üçin edara binasy ulanylmaga berildi

Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda kazyýet işgärleri üçin edara binasy açylyp ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen iki gatly edara binasynda kazyýet işgärleriniň zähmet çekmegi üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan.

Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynyň habar bermegine görä, kazyýet işgärleri üçin gurlup ulanylmaga berlen edara binasy Türkmenabadyň Demirbetonönümleri kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Täze edara binasy häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ol iş otaglaryndan, arhiw üçin otaglarda, mejlisler we maslahatlar zalyndan, şeýle hem Galkynyş otagyndan ybaratdyr Bu ýerde raýatlary kabul etmek üçin amatly şertleriň döredilendigini bellemek gerek.

Kazyýet işgärleri üçin gurlup ulanylmaga berlen täze binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bag nahallary oturdylypdyr. Bu ýerde myhmanhana, sport zaly, bag-bakja önümlerini ýetişdirmek üçin ýyladyşhana, awtoulaglar üçin ýöriteleşdirilen duralga ber.

Ýene degişli makalalar

Zerger Demirbetonönümleri zawody tarapyndan 39 million manatlyga golaý önüm öndürildi
Türkmenabadyň etegindäki täze jaýlara hyrydar tapylmaýar
Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Balkanabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy açylar