Lebap welaýatynda gowaçanyň Ýolöten-39, Ýolöten-7, S-2606 görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär

Lebap welaýatynda gowaçanyň Ýolöten-39, Ýolöten-7, S-2606 görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär

Häzirki günlerde Türkmenistanyň ähli künjeginde, şol sanda Lebap welaýatynda hem oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli tohumyny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ýaz ekişiniň golaýlap gelmegi bilen ýurduň esasy milli baýlyklarynyň biri bolan gowaçanyň ýeterlik mukdarda ýokary hilli tohumyny taýýarlamak işi hem öňde durýan jogapkärli wezipeleriň biridir.

Ýurduň Gündogar sebitinde pagta arassalaýjy zawodlaryň 11 sanysy bolup, olaryň 10-synda ekiş möwsümi üçin tohumlyk çigitleri taýýarlanylýar. Şolardan 2015-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen, bir ýylda 40 müň tonna pagtany gaýtadan işläp, ýokary hilli tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamaga niýetlenen Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda işleriň has göwnejaý guralandygyny belläp geçmek bolar.

Bu ýerde adaty ekijilere niýetlenen gowaça çigitleri bilen birlikde, takyk ekijiler üçin daşky tüýjümek bardasy aýrylan gowaça tohumynyň taýýarlanmagy, gögerip çykan gowaçanyň kesellerine hem-de haşal otlara garşy ýörite himiki serişdeler bilen işlenilmegi tygşytlylyk taýdan we gowaçalara ideg işlerini ýeňilleşdirmekde has amatlydyr.

Zawodyň dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, işçi-hünärmenleriň yhlasly zähmeti, işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde bu kärhanada zähmet öndürijiligi örän ýokary.Bu bolsa ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şu oba hojalyk möwsüminde toprak-howa şertlerine laýyklykda, welaýatyň etraplarynda gowaçanyň Ýolöten-39, Ýolöten-7, S-2606 görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da, Saýat etrabynda ýerleşýän ylmy-önümçilik synag merkezinde gowaçanyň Ýolöten-50, Ýolöten-53 we Garaşsyzlyk ýaly sortlary synag üçin ekiler.

Ýene degişli makalalar

'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär
Tehnika üpjünçiliginde ala tutulýan şalyçylar häkimlige arz edip, ekin meýdanlaryna kombaýn girizmegi başardy
“Paýok” önümleriniň möçberi we görnüşi azalýar, çörek gyt, ilat orak möwsümine bil baglaýar
Türkmenistanda iri şahly mallarynyň haram ölmegi bilen bagly ýagdaý Lebaba ýetdi