Lebap welaýatyna täze prokuror bellenildi

Lebap welaýatyna täze prokuror bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda, Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Nurmyradowiç Wekilow Lebap welaýatynyň prokurory wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýustisiýanyň geňeşçisi Muhammetoraz Kakalyýewiç Gurbanow Lebap welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
05.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
Türkiýe: "Tunisde Mejlisiň işleriniň togtadylmagyna alada bildirýäris" diýdi
Türkmenistanyň üç raýaty iki ýyl bäri Ukrainada sud edilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
12.08.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda