Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Hoş geldiň, Täze ýyl, salam, Täze ýyl atly konserti geçirildi

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Hoş geldiň, Täze ýyl, salam, Täze ýyl atly konserti geçirildi

Täze ýyl baýramy mynasybetli Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň kirişli saz gurallary bölüminiň mugallymlary Hoş geldiň, Täze ýyl, salam, Täze ýyl atly baýramçylyk konserti geçirildi.

Konsertiň repertuary dünýä sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran A.Wiwaldi, I.S. Bah, P.I.Çaýkowskiý, Manuel de Falýe, G. Fore ýaly meşhur kompozitorlaryň naýbaşy eserlerinden düzülen. Sazly agşamynda ilkinji ýaňlanan A.Wiwaldiniň a-moll konsertiniň ýakymly owazy we melodikasy barokka döwrüniň medeniýetiniň sazly koloritiniň atmosferasyny Jemal Hudaýberdiýewa bilen Gülnara Jumaniýazowanyň duet çykyşynda janlandyryldy.

Indiki ýaňlanan pursadyň emosional duýgusyny pes rigistirli tutuksy koloritli kontrabas saz guralynda mugallym Serdar Çaryýewiň ýerine ýetirmeginde Gabriel Foreniň Пробуждения eseri bilen konsert dowam etdi.Hyjuwly we joşgunly häsiýetde ýaňlanan P.Çaýkowskiniň Rus tansy dessine konsertiň täsirliligini has artdyrdy.

Eserdäki ýokarky seslerde beýan edilýän inçe flažoletler, dürli ştrihler, registr öwrümleri Merdan Çaryýew tarapyndan skripka saz guralynda ezberlik bilen beýan edildi.Baýramçylyk konsertinde indiki ýaňlanan eserler keşp mazmuny babatynda kontrastly bolup, liriki arzuwçyl häsiýetli Džon Uilýamsyň “Список Шиндлера” hem-de M.

de Falýeniň “Ispan tansynyň” joşgunly, baý ritmiki öwrümleri Jemal Hudaýberdiýewanyň yzygiderli çykyşynda keşp-emosional syratynyň dürli kadrlary açylyp görkezildi.Ispan melosynyň täsiriniň netijesinde diňleýjilerde indiki kompozitor F.Kreýsleriň Радость любви eserini diňlemäge hyjuw döretdi.

Konserdiň dinamiki şkalasy hökmünde bölümiň mugallymlarynyň kwintet toparynyň ýerine ýetirmeginde N.Halmämmedowyň Şükür bagşy kinofilminiň sazy, R.Nepesowyň Fantaziýasy, F.Şopeniň Wals ýaly eserler baýramçylyk agşamynyň dinamik tolkunynyň jemi hökmünde ýaňlandy.

Umuman, bu konsertiň her bir epizody diňleýjileriň kalplarynda täze ýyl baýramçylygynyň ajaýyp öwüşginli täsirini ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde Hoş geldiň, Täze ýyl, salam, Täze ýyl atly baýramçylyk konserti geçirildi
PETRONAS Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
Türkmenistandan özüni idäp gelen adamsyny ýençdiren zenany polis gözleýär
Adamsyny urdurmakda aýyplanýan türkmen zenany tutuldy
Ussat mugallym, halypa sazanda
PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hukukçylary gözleýär