2023-nji ýylda Lebap welaýat tokaý hojalygyň nahalhanalarynda pürli we ýaprakly agaçlaryň nahallarynyň 360 müň düýbi, çöl ösümlikleriniň 250 müň düýbi, miweli agaçlaryň nahallarynyň 150 müň düýbi, üzümiň hem 100 müň düýbi ösdürilip ýetişdirildi. Bu barada Türkmen gündogary gazetinde habar berildi.
Boýy kemsiz ýeten, sagdyn nahallara edara-kärhanalar, raýatlar uly isleg bildirýärler. Agrotehniki talaplara laýyk ekilen hem-de ideg edilen nahallaryň ýyllaryň geçmegi bilen ösüp, obadyr şäherlere bezeg berýändigi, howanyň tämizlenmegine, ekoabadançylygyň üpjün edilmegine ýardam edýändigi bolsa hojalygyň ussat tokaýçylarynyň çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigini görkezýär diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde Aralýaka sebitlerini tokaýlaşdyrmak işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Tokaý hojalygynyň hünärmenleri bu il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işe saldamly goşant goşýarlar. Bu babatda öňki ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Bötendag belentliginde hojalygyň bagbanlary tarapyndan çöl ösümlikleriniň nahallary müňlerçe gektar meýdana ekildi. Hojalygyň nahalhanalarynda çöl ösümlikleriniň nahallary ösdürilip ýetişdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.