Lebap atçylyk sport toplumynda baýramçylyk konserti geçirildi

Lebap atçylyk sport toplumynda baýramçylyk konserti geçirildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy we türkmen alabaýynyň baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi Lebap atçylyk sport toplumynda konsert berdi.

Konsertiň dowamynda türkmen kompozitorlary tarapyndan dürli ýyllarda bedewlere we Aşgabat şäherine bagyşlanyp döredilen aýdym-saz eserleri bilen birlikde häzirki zaman aýdymlary hem ýerine ýetirildi.

Mekdebiň talyplary kompozitor Rejep Rejepowyň Ak atda sen, Çary Nurymowyň Çapyksuwaryň aýdymy ýaly meşhur eserler bilen bilelikde döwürdeş kompozitorlarymyzyň birnäçe eserlerini ýerine ýetirdiler. Mekdebiň Magtymguly Rozymämmedow, Jemal Saparowa, Baýram Muhammetgulyýew, Begmyrat Goçow, Aýgözel Işankulowa, Gülälek Ýazmyradowa, Döwlet Gurbangeldiýew ýaly talyplarynyň we hor toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary Aşgabat teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, baýramçylyk günlerinde görkezildi.

Welaýat ýörite sungat mekdebi şu ýyl gündogar sebitde belleniljek Medeniýet günleri mynasybetli hem baý medeni maksatnama taýýarlaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Magtymguly, söz binýadyň…
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Milli mirasyň nesil terbiýesindäki tutýan orny atly maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi
ÄLEM NURY SAHNADA