9-njy martda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň “Mekan” köşgünde ýurdumyzyň gündogar sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň hem-de Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşyklary boldy.
Ynanylan wekiller ýygnananlary dalaşgärleriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, olaryň ýokary hünär derejesini we guramaçylyk ukyplaryny, şeýle-de alyp barýan işinde uly tejribesini bellediler.
Soňra dalaşgärler P.Begenjow we K.Saryýew çykyş edip, duşuşyga gatnaşyjylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar.
Dalaşgärler iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, türkmen halkynyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň dowam etdiriljekdigini nygtap, saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdiler.