Lebabyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň synaglara gatnaşygy pes boldy

Lebabyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň synaglara gatnaşygy pes boldy

Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde synpdan synpa geçiş synaglary tamamlandy. Bilim we terbiýeçilik işgärleri okuwçylaryň synaglara gatnaşygynyň pes bolandygyny aýdýarlar. Hünärmenler synaglarda ýol berilýän galplygyň we geleňsizligiň okuwçylaryň bilim derejesiniň pes bolmagyna getirýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý ýurtda bilime sowuk-sala çemeleşilmegine şert döredýär.

“Köýtendag, Mukry, Gazojak, Garamätniýaz, Gowurdak, Dostluk we Darganata ýaly ilatly ýerlerde okuwçylaryň synaglara gatnaşygy pes boldy. Synaglaryň dowamynda synplarda 2-3 okuwçyny görmek bolýardy” diýip, etrap bilim müdirligindäki çeşmeler aýdýar.

Dänew etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir mugallym hem bu ýagdaýy tassyklap, hususan-da çet sebitlerden gatnap okaýan okuwçylaryň ençemesiniň synaglara gatnaşmandygyny aýdýar.

“25-nji maýdan soňra, synaglaryň başlanandygyna garamazdan, uzak etraplardaky okuwçylaryň aglabasy synaglara gatnaşmadylar. Netijede, olaryň ýerine synaglaryň jogaplaryny ýazmaklyk synaga gelen okuwçylaryň gerdenine düşdi” diýip, dänewli mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Welaýat baş müdirligindäki bir çeşme orta mekdepleriň synpdan synpa geçiş synaglarynda köpçülikleýin düzgün bozmalaryň hasaba alnandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň ýetişigi her ýylyň ahyrynda geçirilýän synpdan synpa geçiş synaglary bilen ölçelýär. Bu synaglardan daşary, has möhüm hasaplanýan sepgit we gutardyş synaglary hem okuwçylaryň bilim derejesini kesgitleýär.

Türkmenabatly bir mekdep okuwçysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde synaglarda galplygyň, aldawçylygyň we eden-etdiligiň mugallymlar tarapyndan höweslendirilýändigini aýdýar.

“Mekdep mugallymlary synag wagtynda okuwçylaryň galplygyna göz ýumup, gözegçilik etmediler. Käbir mugallymlar şpargalkalaryň ulanylmagyna şert döredip, muny aç-açan höweslendirdi” diýip, türkmenabatly bir ýokary synp okuwçysy gürrüň berýär.

“Şeýle şertleriň bilimiň hiline ýaramaz täsir edýändigini äsgermezlik edip bolmaz” diýip, bir ýerli synçy aýdýar we bu ýagdaýyň ýurtda okuw prosesine bolan resmi garaýyşy şöhlelendirýändigine ünsi çekýär.

Döwlet mediasy Türkmenistanda “bilimli nesip kuwwatly watan” şygary astynda bilimli nesilleriň ösüp ýetişýändigini gaýtalaýar. Ýöne orta mekdeplerdäki geleňsizlik, başdan sowmalyk we ilat arasynda kämil bilim almagyň bagş edip biljek miwelerine bolan ynamsyzlyk ýurduň geljegi bilen bagly käbir şübheleri oýandyrýar.

“Synaga gatnaşmagyň näme peýdasy bar?” diýip, köýtendagly bir ene sorag berýär. “Çagam okap alym bolsunmy? Ýokary okuwa girmek üçin para bermeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Bilimiň we sowatlylygyň getirip biljek mümkinçiliklerine bolan ynamsyzlyk ene-atalary we ýaş nesilleri kitapdan, mekdepden we synaglardan sowadýar.

Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmenistanly bir bilermen Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýurduň bilim pudagynda emele gelen ýagdaýyň dünýäniň häzirki zaman şertlerinden yzda galýandygyny gürrüň berdi.

Ol emelsiz ýöredilen bilim syýasaty netijesinde ýaş ösdürimleriň bilim derejesiniň ýaramazlaşandygyny aýtdy.

“Iňlis dilinde suwara gürläp bilýän, ýa-da informasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesiller kemala gelmedi. Okuwçylaryň bilim derejesi has-da pese gaçdy” diýip, ol aýtdy.

Bilim pudagyndaky çeşmeler synaglarda ýol berilýän galplygyň, şpargalkalara we aldawçylyga ýol berilmeginiň mekdeplerdäki akademiki görkezijileri galplaşdyrylan ýagdaýda ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýdýarlar.

Mekdeplerde synpdan synpa geçiş synaglary ähli klaslarda, sepgit synaglary 4-nji we 10-njy synplarda geçirilýär. Mekdebi tamamlaýan okuwçylar jemleýji döwlet synaglaryny (gutardyş synaglaryny) üstünlikli tabşyrandan soňra orta bilim şahadatnamasyny almaga hukuk gazanýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

19-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
1-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aşgabatdaky Robototehnika bilim merkezi okuwlar bilen tanyşlyk sapaklaryna tölegsiz gatnaşmaga çagyrýar
Türkmenistanda koreý dil biliminiň synaglaryna (TOPIK) hasaba alyş başlanýar
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal